“15-nji iýul gahrymanlary” atly dokumental film TRT-de ýaýlyma berilmäge başlandy

“15-nji iýul gahrymanlary” dokumental filmi ilkinji etapda 100 bölüm hökmünde surata düşürildi

585421
“15-nji iýul gahrymanlary” atly dokumental film TRT-de  ýaýlyma berilmäge başlandy

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT tarapyndan taýarlanan 100 bölümlik “15-nji iýul gahrymanlary” atly dokumental film TRT-niň kanallarynda ýaýlyma berilmäge başlandy.

TRT tarapyndan berlen beýanata görä, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna garşy halkyň görkezen garşylygy, gahrymanlaryň dilinden TRT-niň kanallarynda gürrüň berler.

Ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden 7-den 70-e çenli millionlarça adamyň milli ygtyýara we demokratiýa eýe çykmak üçin köçelere çykan, tanklaryň öňünde böwet bolan şehitlerini we gahrymanlaryny gürrüň berýän “15-nji iýul gahrymanlary” dokumental filmi ilkinji etapda 100 bölüm hökmünde surata düşürildi.

TRT-niň Baş müdüriniň orunbasary İbrahim Eren ilkinji etapda 100 bölüm hökmünde surata düşürlen dokumental filmiň her bölüminde bir gahrymanyň hekaýasynyň gürrüň berilýändigini aýtdy.

15-nji iýul gahrymanlary dokumenta filmi TRT 1-de hepdäniň içinde 17.00-de, hepdäniň ahyrynda bolsa 16.00-da, TRT Habarda hepdaniň içinde 06.20-de,13.20-de we 22.40-da, şenbe güni 09.45-de, 15,45-de we 21.45-de, TRT Okulda hepdäniň içinde 10.30-da, 16,25-de we 23.10-da, hepdäniň ahyrynda 17.00-de, 22.15-de we 00.45-de, TRT Diýanetde hepdäniň içinde 14.00-de, TRT Awazda hepdäniň içinde 15.20-de we 17.50-de ýaýlyma berler.



Degişli Habarlar