Saraýewo kino film festiwaly başlady

61 ýurtdan 223 filmiň gatnaşmagynda geçiriljek festiwal 20-njy awgusta çenli dowam eder

551118
Saraýewo kino film festiwaly başlady

Halkara Saraýewo 22-nji kino film festiwaly başlady.

Bosniýa-Gersegowinada başdan geçirlen söweşiň galyndylarynyň ýerine Saraýewony ýaňadandan medeniýet we sungat merkezi ýagdaýyna getirmegi maksat edinýän Halkara Saraýewo kino film festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy.

Saraýewonyň halk teatrynda geçirlen açylyş dabarasyna tanymal sungat ussatlary gatnaşdy.

Festiwalyň şu ýylky hormatly myhmany amerikaly meşhur aktýor Robert De Niro “Saraýewonyň kalby ömür boýy üstünlik baýragy” berildi.

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy hem festiwala “Şägirt” atly film bilen gatnaşýar.

61 ýurtdan 223 filmiň gatnaşmagynda geçiriljek festiwal 20-njy awgusta çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar