TIKA Mongoliýada muzeý açar

Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi TIKA Mongoliýada Güktürkmen döwletine degişli Maýhan Uul gorganyny müzeye öwürmek üçin işe girişdi

490823
TIKA Mongoliýada muzeý açar

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň 210 km günbataryndaky Bulga welaýatynda Maýhan Uulyň (Çadyr dagy) eteginde ýerleşýän we Göktürkmen döwletine degişli bolan gorganyň goranyp saklanmagy we muzeýe öwrülmegi üçin TIKA degişli Mongoliýanyň guramalarynyň arasynda şertnama baglaşyldy.

TIKA-nyň Ulan-Batordaky wekili Weýsel Çiftçi 1 müň 500 ýyl ozalky türk sungaty barada maglumat beren gorganyň içindäki diwardaky suratlaryň we gurganyň gurluşyny goramagy we bu ýerden tapylan ähli tapyndylaryň gorgana ýerleşdirilip muzeýe öwürmegi meýilleşdirýändiklerini mälim etdi.

2011-nji ýylda mongol we gazak arheologlaryň gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan Güktürkmen döwletine degişli bu gorganyň kim üçin ýasalandygy anyk bilinenok.



Degişli Habarlar