Stambulda 600 ýyllyk töwrat kitaby ele salyndy

Stambulda delfiniň derisine ýazylan 600 ýyllyk töwrat ele salyndy

480905
Stambulda 600 ýyllyk töwrat kitaby ele salyndy

Polisiýanyň Kontrabanda garşy göreş bölüminiň işgärleri delfiniň derisine ýazylan takmynan 600 ýyllyk töwrat kitabyny internediň üsti bilen satmaga synanyşan Siriýanyň raýaty bolan 1 adamyň bardygyny anykladylar.

Polisiýa gullugynyň işgärleri müşderi ýaly hereket edip, siriýaly aklawçy Osama Ali Taha bilen aragatnaşyga geçdiler.

Polis işgärleri eseri görmek isleýändiklerini aýdanlaryndan soň, Osama Ali Taha takmynan 600 ýyllyk töwrata degişli suratlary we wideony polisiýa işgärlerine iberip, kitap üçin 5 million dollar isledi.

Polisiýa işgärleri aýdylan bahanyň özlerini kanagatlandyrýandyklaryny aýdyp, Osama Ali Taha bilen duşuşmak üçin ýer bellediler.

Taha Stambulyň Soltanahmetde ýerleşýän myhmanhanalarynyň birinde polisiýa işgärleri bilen duşuşyp göz tussaglygyna alyndy.

Osama Ali Taha saglyk gözegçiliginden geçirilenden soň, soraga çekilmek üçin şäheriň Watan köçesinde ýerleşýän Polisiýa merkezine alynyp gidildi.

Göz tussaglygyna alynan Taha takmynan 600 ýyllyk töwradyň maşgalasyna degişlidigini öňe sürüp, Siriýadan Türkiýe bikanun ýagdaýda getirendigini aýtdy.

Topkapy köşgi muzeýiniň işgärleri gadymy töwratda geçiren derňewlerinde kitabyň hakykydygyny anykladylar.



Degişli Habarlar