Dünýä çagalary Mejlisiň başlygy tarapyndan kabul edildi

Türkiýe Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň guramagynda geçirilýän 38-nji Çagalar festiwalyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen onlarça ýurduň çağalary Mejlisiň Başlygy İslamil Kahraman tarapyndan kabul edildi

474790
Dünýä çagalary Mejlisiň başlygy tarapyndan kabul edildi

Çagalara geljegiň ululylary diýilýändigini, şeýlelikde adamzadyň we halklaryn geljegi üçin iňňän möhümdikleriniň nygtalýandygyny aýdan Kahraman: “Gadyrdan çağalar, siz ulalanyňyzda, içki dünýäňizdäki çaganyň, ýagny saplygyň, söýginiň sizi terk etmegine rugsat bermäň" diýdi.

Myhman çağalar Çankaýa köşkünde Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan hem kabul edildiler.

Ahmet Dawutogly, aýaly Sare Dawutogly we Milli bilim ministri Nabi Awjy myhman çagalar bilen ýeke-ýekeden görüşdi, olar bilen söhbetdeş boldy.

Premýer ministr Dawutogly Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan gelen gyzjagazyň “Atatürke, bize 23-nji aprel Milli häkimiýet we çağalar baýramçylygyny sowgat edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýen sözlerine “berekella" diýip, el çarpdy.

Myhman çagalar ertiriň irki sagatlarynda bolsa TRT-niň baş müdiri Şenol Göka bilen bilen birlikde Atatürkiň aramgähini zyýarat etdiler.


Degişli Habarlar