Dünýäniň iň garry erkegi 112 ýaşynda
Iň garry erkek Israel Kristal 112 ýaşady
451369

Polşada dogulan Kristal Ysraýylyň Haýfa şäherinde ýaşaýar.
Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyran Kristal ýaşlygyny nasistleriň tussaghanasynda geçirdi.
Israel Kristal ol ýerde 2 çagasyndan we aýalyndan mahrum boldy, özi bolsa ölümden halas boldy.
1945-nji ýylda onuň 37 kg agyrlygyndady.
Kristalyň ogly kakasynyň uzak ýaşamagynyň sebäbiniň optimist bolmagydygyny belleýär.
Dünýäniň ozalky iň garry erkegi ýaponiýaly Ýastutaro Koide 112 ýaşynda ýogalypdy.