NBA-da “Türk agşamy” geçirildi
Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-de türk medeniýet agşamy gelenlerden ýatdan çykmajak yz galdyrdy
438581
Waşington Wizardsyň Nýu-Orleans Pelisans bilen oýnan we 109-89 hasabynda üstün çykan oýuny türk halk tanslary toparynyň çykyşy bilen hamala diýersiňiz türk agşamy öwrüldi.
Werizon Sentrde Waşington Amerikan jemgyýetiniň guran çäresinde oýunyň arakesmesinde “Kardelen" tans-folklor topary türk halk tanslsaryndan we sygan aýdymlaryndan nusgalary ýerine ýetirdi.
Zalda müňlerçe basketbol muşdaklary toparyň çykyşyna uly gyzyklanma bildirdi. Çykyşyň ahyrynda toparyň agzalarynyň Amerikan we türk baýdaklaryny götermekleri el çarpyşmalara sebäp boldy.
Degişli Habarlar
Antalýa Gelýän Kruiz Gämileriniň Sany Köpelýär
Antalýanyň Alanýa etrabyna bolsa ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.