Halkara Nýu Ýork oýunjak sergisi başlady

Sergi 16-njy fewrala çenli açyk bolar

432283
Halkara Nýu Ýork oýunjak sergisi başlady

Dünýäniň iň uly oýunjak sergileriniň biri bolan Halkara Nýy Ýork oýunjak festiwaly Javits Centerde öz işine başlady.

Dünýäniň tanymal oýunjak firmalarynyň iň soňky öndüren oýunjaklaryny tanyşdyrmak üçin biri-biri bilen bäsleşýän sergisi takmynan 40 müň inedördül metr meýdanda geçirilýär.

Nýu Ýorkdaky sowuk howa garamazdan adamlar sergä örän ýokary derejede gyzyklanma görkezýärler.

Sergä takmynan 100 ýurtdan 1 müň 200-den gowrak firma gatnaşýar.

Halkara Nýu Ýork oýunjak sergisiniň gapylary 16-njy fewrala çenli açyk bolar.


Etiketkalar: #Nýu Ýork , #sergi , #oýunjak , #firma

Degişli Habarlar