3-nji Halkara bosfor film festiwaly açyldy

Festiwal bir hepde dowam eder

420307
3-nji Halkara bosfor film festiwaly açyldy

Görkezlişler, tejribe alyşmalar we söhbet agşamlary bilen bir hepde dowam etjek festiwalyň çäginde "Journey to the Shore", "Our Everyday Life" we "Chasuke's Journey" ýaly filmler bilen birlikde 11 sany filmiň premýerasy guralar.

Açylyş dabarasyndan soň Amer Shomaliniň we Paul Cowanyň režisýorlygynda düşürilen “Birinji göreşden” soň Beit Sahourda 18 sygyry Ysraýylyň ýaragly güýçlerinden gizläp, kiçijik süýt dukanyny açmak ugrundaky tagallany gürrüň berýän Palestina-Kanada bilelikdäki önümi bolan “Gözlenýän 18-lik” atly animasiýa filmi görkezildi. 

Golliwudyň meşhurlarynyň maslahatçysy Susan Batsonyň “masterklass” dersleri bilen ilkinji gezek Türkiýede hünärmen artistler bilen duşuşmagyna şert döretjek 3-nji Halkara bosfor film festiwaly 27-nji noýabra çenli dowam eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar