Efes ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik gadymy Efes şäheriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini habar berdi

333322
Efes ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik Twitterdäki hasabyndan beren beýanatynda taryha we medeniýete görkezen ähmiýetleriniň miwelerini ýeke-ýeke çöpleýändiklerini belledi.

Ministr Çelik öz döwrüniň iň wajyp bilim, medeniýet we sungat şäheri bolan Efesiň mundan beýläk hem häzirki döwrüň iň wajyp merkezleriniň biri boljakdygyny, gadymy şäherde Ellenistik, Rim, Gündogar Rim, Beglikler we Osmanly türkmen döwleti döwürlerinde takmynan 9 müň ýyl arakesmesiz ýaşalandygyny we Efesiň taryhyň ähli döwürlerinde örän möhüm port şäheri, medeniýet we söwda merkezi bolandygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar