Diýarbakyryň galalary we Hewsel bakjalary ÝUNESKO-nyň sanawynda

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik Diýarbakyryň galalarynyň we Hewsel bakjalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini mälim etdi

332810
Diýarbakyryň galalary we Hewsel bakjalary ÝUNESKO-nyň sanawynda

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik sosial saýty Twitterden beren beýanatynda: “Garaşan gowy habarymyzy aldyk. Diýarbakyryň galalary we Hewsel bakjalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi” diýdi.

Bütindünýä miras komitetiniň 39-njy maslahatynda berilen karar bilen Türkiýedäki ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýerler 14-e ýetdi.

Maslahatda ara alynyp maslahatlaşyjak beýleki bir taryhy ýer bolsa Efesdir.

“Adamlary begendirmek üçin indi gezek Efesde” diýen Ömer Çelik goldaw beren ähli adamlara sag bolsun aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar