Ýewropa oýunlary tamamlandy

Russiýa Ýewropa oýunlarynda sanawyň 1-nji ornuna mynasyp boldy

323703
Ýewropa oýunlary tamamlandy

Azerbaýjanyň paýtgaty Bakuwda geçirilen 1-nji Ýewropa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 68 müň adamlyk Bakuw Milli stadionda boldy.
Azerbaýjan taryhynyň iň uly sport guramaçylygy bolan 1-nji Ýewropa oýunlaryna 50 ýurtdan 6 müň türgen spordyň 30 ugrunda özara bäsleşdiler.
Bakuwda 18 sport desgasynda geçirilen oýunlarda 800 daşary ýurtly we 700 ýerli jemi 1 müň 500 žurnalist gatnaşdy.
Russiýa oýunlarda 79 altyn, 40 kümüş we 45 bürünç jemi 164 medal alyp sanawda 1-nji orun eýeledi.
Russiýadan soň 21 altyn, 15 kümüş, 20 bürünç jemi 56 medal alan Azerbaýjan sanawyň 2-nji ornuna mynasyp boldy.
Azerbaýjandan soň Britaniýa 18 altyn, 10 kümüş, 19 bürünç bilen jemi 47 medal alyp sanawyň 3-nji ornuna, Türkiýe bolsa 6 altyn, 4 kümüş we 19 bürünç bilen jemi 29 medal alyp Ýewropa oýunlary 14-nji bolup tamamlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar