TRT bilen Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki taslamasy

Ýurt hesretini 1937-nji ýyldan bäri Türkiýäniň sesi radiosy arkaly gidirýän ýat ýurtlardaki türkleriň indi “Memleketim FM-i” bar

300291
TRT bilen Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki taslamasy

Daşary ýurt ýaýlymlary departamentine degişli radiomyz “Awrupa FM”, mundan beýläk “Memleketim FM” ady bilen www.memleketim.gow.tr salgysyndan ýaýlym berer.
Jogapkärçilikli ýaýlym bermegiň öňbaşçylaryndan biri bolan TRT-niň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde taýarlanan taslama laýyklykda esasan aýdym-saz we habar ýaýlymyny berjek “Memleketim FM” 24 sagadyň dowamynda iş alyp barar. Radio häzirlikçe internet portaly arkaly diňlenip bilner.
“Memleketim FM” radio stansiýasynyň teswirnamasyna TRT-niň Baş müdiri Şenol Göka we Daşary işler ministriniň orunbasary Naji Koru gol goýdy.
TRT-niň Baş müdiri Şenol Göka taslamanyň gol çekişlik dabarasynda sözlän sözünde: “Radio ýaýlymlary iňňän möhüm. Esasanda sebitdäki ýaşlaryň türk dilini giňden özleşdirmekleri taýdan “Memleketim FM-iň” uly goşant goşjakdygyny tolgunmak bilen nygtamak isleýärin” diýdi.
Teswirnamanyň gol çekişlik dabarasyna TRT-niň Daşary ýurt ýaýlymlary departamentiniň başlygy Süleýman Erdal, TRT-niň Daşary gatnaşyklar departamentiniň başlygy Çaglan Tankur we Daşary işler ministrliginiň Maglumatlar tehnologiýalary departamentiniň başlygy Haldun Koç hem gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar