Erdogan Şanlyurfada Türkiýäniň iň uly muzeýini açdy

Jemi 36 müň inedördül metr ýapyk meýdana eýe bolan Haleplibahçe mozaika muzeýi we Şanlyurfanyň arheologiýa muzeýinde Şanlyurfanyň etraplarynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan eserler sergilenýär

287506
Erdogan Şanlyurfada Türkiýäniň iň uly muzeýini açdy

Muzeý diňe Şanlyurfa mahsus köp sanly eksponat bar.
Muzeýde antiki döwürden Osman döwrüniň soňky ýyllaryna çenli bolan eserler hem bar.
Muzeýiň açylmagy bilen Şanlyurfanyň syýahatçylyk pudagynyň ösmegini tama edýändigini nygtan Prezident Erdogan dünýä meşhur Balykly köl bilen bilelikde muzeýiň hem syýahatçylyga möhüm goşant goşjakdygyny aýtdy.
Açylan muzeýde daşary ýurtlara alynyp gidilen we 2012-nji ýylda Dallas muzeýinden getirilen Edessa mozaikalarynyň meşhurlaryndan biri bolan Orfeus mozaikasy hem sergilenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar