Awstriýada türk aýdym-saz we medeniýet jemgyýeti döredildi

Awstriýanyň paytagtynda daşary ýurtly raýatlardan ybarat bolan topar, türk klassiki sazlaryny ýerine ýetirmek üçin jemgyýet döretdiler

289780
Awstriýada türk aýdym-saz we medeniýet jemgyýeti döredildi

Wenanyň türk aýdym-sazy we medeniýeti jemgyýeti Awstriýada ýaşaýan türk sazynyň muşdaklary üçin döredildi.

Jemgyýeti Weýsel Akpak we Hülýa Aktan döretdi.

Aýdym-saz jemgyýetiniň horynyň ýolbaşçysy TRT Stambul radiosynyň aýdymçysy Serdar Kaşyklar.

Jemgyýetiň esasy maksady Wenada türk aýdym-sazyny we medeniýetini dogry tanatmak.

Jemgyýetiň esasan ýaşlardan ybarat bolmagy ünsüňi özüne çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar