Real Madrid Barselonadan utuldy

Düýn Ispaniýanyň futbol taryhynda möhüm wakalaryň biri bolup geçdi

278305
Real Madrid Barselonadan utuldy

Ispaniýanyň futbol ligasy El-Klasikoda düýn möhüm bäsleşik boldy. Bäsleşikde Ispaniýanyň iň gowy iki futbol komandasy Real Madrid we Barselona bäsleşdi. Soňky oýunda Real Madrid 3-1 hasabynda garşydaşy Barselonany ýeňenem bolsa, düýnki oýunda Barselona futbol komandasy Real Madridy 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. Barselonanyň goluny 19-njy minutda Jeremy Mathieu, 56-njy minutda bolsa Luis Suarez pökgini gaşydaşlarynyň derwezesine geçirdi. Real Madridyň oýunçysy Ronaldo bolsa 32-nji minutda diňe bir pökgini garşydaşynyň derwezesine geçirip bildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar