Özbegistanda Gurluşyk,gaplama we mebel sergisi açyldy

Özbegistanyň paýtagty Taşkentde 16-njy Gurluşyk,gaplama we mebel sergisi açyldy

237595
Özbegistanda Gurluşyk,gaplama we mebel sergisi açyldy

Özbegistanda geljekde şäher we gurluşyk pudaklarynda durmuşa geçiriljek ulu göwrümli taslamalar sebäpli sergä dünýäniň çar tarapynda iş alyp barýan firmalar uly gyzyklanma görkezýär.

Sergä 24 ýurtdan 150-den gowrak firma gatnaşýar, şolaryň arasynda19 türk firmasy bar. 

Sergä gatnaşan ýurtlaryň arasynda Russiýa, Germaniýa, İtaliýa, Hytaý we Fransiýa hem bar.

Türkiýäniň Taşkentdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Namyk Güner Erpul sergä gelen telekeçiler bilen duşuşyp, olara üstünlik arzuw etdi.

Sergi 27-nji fewrala çenli dowam eder.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar