Stambulda 10 müň adama balyk hödür edildi
Festiwala gelenler balyk iýdiler, tans edip şatlandylar
214442
Üsküdarda 2-nji Ançous festiwali geçirildi.
50 aşpez barbekýuda balyklary bişirip, çöregiň arasyna goýdular we gelenlere paýladylar.
Festiwal Üsküdar häkimligi tarapyndan Iskele meýdanynda geçirildi.
Çärä gelenler jebislik, agzybirlik we doganlyk duýgularyny başdan geçirdiler.
Çärede 10 müň adama balyk hödür edildi.
Çärä gatnaşanlar Garadeňiz sazlaryna horon tansyny oýnap, göwün açdylar.
Degişli Habarlar
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Samsuna Geldi
“Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsundan soň Trabzona gider.