Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýokarlady

Türkiýä iň kop syýahatçy ugradan üç ýurt Germaniýa, Russiýa we Britaniýa boldy

195024
Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýokarlady

Türkiýe iň köp syýahatçyny kabul ýurtlaryň arasynda esasy orun eýeleýär.
Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýyl 5,5 göterim ýokarlady.
2013-nji ýylda 34 million 910 müň bolan şol san 2014-nji ýylda 36 million 837 müň 900 adama ýetdi.
Türkiýä ady agzalýan döwürde iň kop syýahatçy ugradan üç ýurt nobaty bilen Germaniýa, Russiýa we Britaniýa boldy.
Daşary ýurtly syýahatçylar esasan hem Stambula, Antalýa we Mugla geldi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar