"Howpsyz port Türkiýe" sergisi Nýu Ýorkda açyldy

Çawuşogly Anadolynyň halkynyň taryhyň dowamynda uly kynçylygy başdan geçiren halklara öýleri bilen birlikde ýüreklerini hem açandygyny nygtady

156223
"Howpsyz port Türkiýe" sergisi Nýu Ýorkda açyldy

“Howpsyz port Türkiýe” sergisi Nýu Ýorkda açyldy

Serginiň açylyş dabarasyna Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy

Çawuşogly serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Anadolynyň halkynyň taryhyň dowamynda uly kynçylygy başdan geçiren halklara öýleri bilen birlikde ýüreklerini hem açandygyny nygtady.

Şu günki günde hem Siriýa krizisinde Türkiýäniň bu tutumyny dowam etdirýändigini nygtan Çawuşogly halkara jemgyýetçiligine öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmek çagyryşyny berdi.


Siriýada 10 milliona golaý adamyň öýlerini terk edendigini aýdan Çawuşogly şol adamlaryň agyr günleri başdan geçirýändigini belledi.


22-nji oktýabra çenli dowam etjek serginiň açylyş dabarasyna BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Eliasson, Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili baş ilçi Halit Çewik bilen birlikde diplomatlar we daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar