"12 Dew adam" toparynda ikinji boldy

Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasy ABŞ-dan soň toparynda ikinji boldy

114637
"12 Dew adam" toparynda ikinji boldy

“12 Dew adam” toparynda ikinji boldy.


“12 Dew adam” hökmünde tanalýan Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasy ABŞ-dan soň toparynda ikinji boldy we mundan soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.


FİBA basgetbol dünýä kubogynyň J toparynda bäsleşýän Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasy toparyndaky soňky bäsleşiginde düýn Dominik Respublikasynyň basgetbol komandasy bilen bäsleşdi.


Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasy bäsleşikde 77-64 hasabynda üstünlik gazanyp toparynda ikinji boldy.


Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasynyň ikinji tapgyrdaky bäsdeşi bolsa D toparyny üçünji ýerde tamamlan Awstraliýa boldy.


Türkiýe 7-nji sentýabrda Barselonda boljak bäsleşikde üstünlik gazanan halatynda çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazanar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar