Saraýewo film festiwalynda türkler baş baýraga mynasyp boldy
20-nji Saraýewo film festiwalynda “Saraýewonyň kalby” baýragyna türk filmi “Ejemiň aýdymy” laýyk görüldi. İň ussat aktýor baýragy Feýýaz Dumana berildi
Ýewropanyň esasy film festiwallaryndan biri hasaplanylýan, 60 ýurtdan 247 filmi müňkerçe kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetiren we “Anadoly” habarlar gullugynyň media hyzmatdaşlygynda geçirilen 20-nji Saraýewo film festiwaly Halk teatryndaky dabara bilen ýapyldy.
Festiwalyň çäginde gysga metražly, uzyn metražly we dolumental film ugurlarynda “Saraýewonyň kalby” baýraklary gowşuryldy.
Uzyn metražly film ugry boýunça “Saraýewonyn kalby” baýragyna Erol Mintaşyň režisýorlyk eden we şu ýyl festiwalda iň gowy film hökmünde saýlanan “Ejemiň aýdymy” filmi laýyk görüldi.
“Saraýewonyň kalby” baýragy iň ussat aktýor ugry boýunça “Ejemiň aýdymy” filmindäki roly bilen Feýýaz Duman berildi. İň ussat aktrisa baýragy bolsa “Brides” filmindäki roly sebäpli Mari Kitiýanyňky boldy.
Baýrak gowşurlyş dabarasy artistleriň we režisýorlaryň ýadygärlik surat aldyrmaklaryndan soň tamamlandy.
Degişli Habarlar
“Wiking Sea” Atly Kruiz Gämisi Çanakgala Geldi
Kruiz gämisiniň esasy bölegi amerikaly 926 ýolagçysy bilen 462 ekipažy bar.
Türkiye Azerbaýjanda Geçiriljek ADEX 2024 Sergisine Gatnaşar
Şu ýyl 5-nji gezek geçiriljek ADEK-2024 ertir Baku Expo merkezinde başlaýar.