Londonda Türk günü atly medeni çäre geçirildi

Türk güni çäresine müňlerçe adam gatnaşdy

80378
Londonda Türk günü atly medeni çäre geçirildi

Britaniýanyň paýtagty Londonda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde ilkinji gezek geçirlen Türk güni çäresine müňlerçe adam gatnaşdy.
Londonyň simwollaryndan biri bolan meşhur Trafalgar meýdanynda geçirlen çärä türk raýatlary bilen birlikde londonlylar we Londonda gelen syýahatçylar uly gyzyklanma görkezdi.
Çärede mehter topary bilen türk halk tanslary topary çykyş etdi we türk aşhanasynyň tagamlary tanyşdyryldy.
Mundan başgada bankçylyk pudagyndan syýahatçylyga, transportdan bilime çenli birnäçe türk firmasy tanyşdyryldy.
Türkiýäniň Britaniýadaky ilçihanasynyň Medeniýet we tanadyş ataşasy Ali Selçuk Jan “Biz hem Medeniýet we syýahatçylyk ofisi hökmünde syýahatçylara Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanatmak üçin tagalla edýäris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar