Antep Pahlawasy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2127141
Antep Pahlawasy

Türkiyäniň iň meşhur süýjüligi diýilen mahaly aklyňa gelýän ilkinji süýjülik Antep Pahlawasy, Gaziantep welaýatynyň Senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2005-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Antep pahlawanyň taýarlanylşy, köp ýyllardyr ussat-şägirt gatnaşyklaryndan gözbaş alan ökde elleriň işidir. Pahlawanyň taýarlanylşynda iň möhüm element, hamyryň inçe edip ýaýylyp, iň köp galyňlygynyň 3-4 santimetre ýetirilmegidir. Onuň taýarlanmagy üçin takmynan 35-40 sany inçe edilip ýaýylan ýufka hamyryna zerurlyk bar. Pahlawanyň içi bolsa özi hem Geografiki taýdan hasaba alynan önüm bolan Antep pissesi, mesge ýagy we gaýmak ýaly önümlerden taýarlanýar. Pahlawa ussatlary ilki bilen mesege ýagy bilen ýaglanan 15-20 sany inçe ýufka hamyrlary, üsti ýaglanan tegelek ýa-da burçly alýumin mejmä (podnos) yzly-yzyna düzüp goýar, ondan soň iň ýokarydaky ýufka hamyryna gaýmak goýular, gaýmagyň üstüne bolsa Antep pissesini goşulýar. Ondan soň 15-20 bölekden ybarat bolan inçe ýufka hamyry bilen şonuň üstüne ýapar, islenýän görnüşde pyçak bilen dilimlere bölünýär we üstüne erän mesge ýagy goşulýar. Takmynan ýarym sagat peçde bişirileninden soň pahlawanyň üstüne, şerbet guýulýar we birnäçe wagt demini almagy üçin garaşdyrylýar. Häzirki günde Antep pissesi bilen birlikde hozlusy we gaýmaklysy hem öndürilýän Antep Pahlawasy, hem gündelik sarp ediş hem-de myhman geleninde, toýda we baýramçylyk günlerinde giňden hödür-kerem edilýär.


Etiketkalar: #pahlawa , #Antep , #Gaziantep , #Türkiye

Degişli Habarlar