Türkiye energiýa taýdan baý ýurtlar üçin näme sebäpli möhüm?

Energetikanyň Gün Tertibi

2122794
Türkiye energiýa taýdan baý ýurtlar üçin näme sebäpli möhüm?

Türkiye Ýewraziýa we Ýakyn Gündogar energiýa ätiýaçlyklarynyň ählisiniň diýen ýaly açylýan nokadynda ýerleşýär.

Şol sebäpli Türkiýäni energiýa merkezine öwürmek taslamasy başlandy. Bu çäkde, Trakiýada energiýa desgasy gurulýar. Mundan başgada Stambulyň Ataşehir etrabynda Maliýe merkezinde energiýa biržasyny döretmek meýilleşdirilýär. Taslama bilen Türkiye indi diňe tebigy gaz we nebit üçin üstaşyr ýurt bolmaz. Energetika söwdasyny gönüden-göni alyp barýan ýurda öwrüler.

Ady agzalan taslama Türkiyäniň töweregindäki ýurtlar hem gatnaşmak isleýär. Sebäbi, çeşmelere eýe bolmakdan başga-da, energiýa çeşmelerine eýe bolan ýurtlar üçin alyjylaryň sanyny köpeltmek hem möhümdir.

YRAK: Ýurt takmynan 150 milliard barrel nebit ätiýaçlygy bolan dünýäde 9-njy orunda durýar. Tebigy gaz gorlary dünýä gorlarynyň 1,9 göterimine deňdir. Yrak we Türkiye bilen bilelikde amala aşyrylýan Galkynyş ýoly we Faw port taslamalary halkara konýunkturasyna uly täsir ýetirer. 2028-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýän taslama bilen Suets kanalyna we Umyt burny liniýalaryna ýene-de bir liniýa goşular. Yragyň uglewodorod çeşmelerinden başga-da, Pars aýlagy ýurtlarynyň energiýa çeşmeleri Türkiyäniň üsti bilen Ýewropa we Gündogar Ortaýer deňzine eksport edilip bilner. Galkynyş ýoly taslamasy tamamlanandan soň Yrak bilen Türkiyäniň arasynda täze tebigy gaz we nebit turbalarynyň gurluşygy gün tertibinde bolup biler.

EÝRAN: Tähran hökümetiniň takmynan 156 milliard barrel çig nebit ätiýaçlygy we 34 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bar. Häzirki wagtda Türkiye bilen Eýranyň arasynda her ýylda ortaça 6 milliard kub metr tebigy gaz daşaýan tebigy gaz geçirijisi bar. Mundan başgada Eýranyň hökümedi tebigy gazy Türkiyäniň üsti bilen Ýewropa daşamak isleýär. Energiýa merkezi döredilenden soň, ýurduň Ýewropa nebit satmak üçin Türkiyäniň gapysyny kakjakdygy şübhesiz.

AZERBAÝJAN: Ýurduň häzirki zaman tehnologiýasy bilen subut edilen 1,5 milliard tonna nebit we 2,2 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bar. Her ýyl 12 milliard kub metr tebigy gaz, ozal bar bolan tebigy gaz geçirijisi arkaly Türkiyä ugradylýar. Bu gazyň 6 milliard kub metr TAP liniýasy arkaly Ýewropa ýurtlaryna iberilýär. Ady geçen turbageçirijiniň kuwwatlylygy ýakyn ýyllarda iki esse artdyrylar. Soňra täze liniýalaryň gurluşygy gün tertibine gelip biler.

RUSSIÝA: Takmynan 38,9 trillion kub metr ätiýaçlygy bolan Russiýa, tebigy gaz taýdan dünýäde iň baý ýurtdyr. Russiýa 107 milliard 804 million barrel nebit ätiýaçlygy bilen dünýäde altynjy orunda durýar. Russiýa Türkiyedäki energiýa merkeziniň esasy üpjünçisi bolmak isleýär. Uruş döwründe Demirgazyk Akym liniýasynyň işlemezligi Russiýanyň Türkiye bilen gatnaşyklaryny giňeltmegine sebäp boldy. Bu ýol bilen Ukrainadan doly aýlanyp geçjek Russiýa, tebigy gazyň Türkiyäniň üsti bilen Ýewropa satuwyny artdyrmak isleýär. Russiýa energiýa merkeziniň dünýä geçirmegi bilen birlikde Türk Akym 2 taslamasyny hem durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

TÜRKMENISTAN: Türkmenistan 15 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bilen dünýäde 4-nji ýurtdyr. Ýurt ýylda 100 milliard kub metre golaý tebigy gaz öndürýär. Türkmenistan tebigy gazynyň hemmesini diýen ýaly Hytaýa satýar. Şol sebäpli ýurt baýlyklaryny diwersifikasiýa etmegi maksat edinýär. Ýakyn wagtlarda Türkiye bilen Türkmenistanyň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy şertnamasy baglaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky taslama bilen, Türkmenistanyň tebigy gazyny tankerler bilen Baku daşamagy we ilki bilen TANAP liniýasy arkaly Türkiyä, soňra bolsa Ýewropa ýurtlaryna eksport edilmegi maksat edinilýär.

KATAR: Kataryň nebit gorlarynyň 25,2 milliard barrele barabar diýlip çaklanylýar. Her gün 75,9 million tonna nebit öndürýän ýurtda 24,7 trillion kub metr tebigy gaz gorlary hem bar. Ýewropa köp mukdarda tebigy gaz eksport edýän ýeke-täk Pars aýlagy döwleti bolan Katar, 2020-nji ýyldan soň Ýewropa ýurtlaryna eksportyny 65 göterimden gowrak artdyrdy. Yragyň Faw port taslamasy hem Katar tarapyndan sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. “Fav Port” taslamasynyň kömegi bilen ýurt tebigy çykdajylaryny azaltmak arkaly tebigy gazyny we nebitini Ýewropa ýurtlaryna ibermegi maksat edinýär.

SAUD ARABYSTANY: Nebit gorlary iň ýokary ýurtlaryň arasynda Saud Arabystany ikinji ýerde durýar. Saud Arabystanynda 266 milliard barrel nebit ätiýajy bar. Ýurt her gün takmynan 10 million barrel çig nebit öndürýär we bu nebitiň 7 millionyny eksport edýär. Saud Arabystanynda takmynan 9 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bar. Saud Arabystany hem Yrakdaky Faw porty we Türkiyäniň üsti bilen Ýewropa açylmagyna kömek etjek Galkynyş ýoly taslamasy bilen ýakyndan gyzyklanýar.

GÜNDOGAR ORTAÝER DEŇIZI: Häzirki wagtda Kipriň Grek böleginiň birtaraplaýyn ädimleri sebäpli uly jedelleriň başdan geçirilýän Gündogar Ortaýer deňizinde 1,7 milliard barrel nebit, 3,5 trillion kub metr tebigy gaz ätiýajynyň bardygy çak edilýär.


Etiketkalar: #energetika , #Türkiye

Degişli Habarlar