Siwas Kotledi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2113349
Siwas Kotledi
SİVAS KÖFTESİ    .png

Türkiyäniň Iç Anadoly sebitindäki taryhy Siwas şäheri, sebite mahsus tebigy gurşawda ýetişen ownuk we iri şahly mallaryň etinden we diňe ýörite duz ulanylyp taýarlanýan, örän meşhur nahara öz adyny berdi. Siwas kotledi 2006-njy ýylda Siwasyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy bilen Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. “Siwas” kotledini kebaplaryň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýan iň möhüm aýratynlyk, kotlediň taýarlanylmagynda ulanylýan etiň tebigy gurşawda we özboluşly ösümlik dünýäsine eýe bolan Siwas sebitiniň platosynda ösüp ýetişen ýorunja, dälije mäş we käkilik otlary bilen iýmitlenen sygyryň we goýunyň etinden alynmagydyr. Siwasyň ýerleriniň we öri meýdanlarynyň botaniki köp dürlüligi etiň tagamyny kesgitleýji faktordyr. Kotlediň garyndysy taýýarlanylanda, duzdan başga pomidor goýutmasy, gök önümler, gara burç, içege ýagy ýa-da şuňa meňzeş zatlar ulanylmaýar. Siwas kotlediniň taýarlanylyşynda ulanylýan duz, Siwasyň Zara etrabynyň Tuzlagözü obasynda öndürilen we himiki usuldan geçirilmeýän tebigy duzdyr. Bu duz, saklanýan döwürde kotlediň reňkiniň üýtgemeginiň öňüni alýar we olary has uzak saklanmagyny üpjün edýär. Kotlediň garyndysynyň taýarlanylyşynda belli bir tapyň ýola goýulmagy ussatlygy talap edýändigi üçin kotlediň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Içinde goşundy bolmandygy we inje görnüşde taýarlanýandygy üçin gysga wagtyň içinde bişirilýän Siwas kotledi dogralan sogan, petruşka, közde bişirilen burç we pomidor bilen hödür kerem edilýär.


Etiketkalar: #Türkiye , #kotlet , #Siwas

Degişli Habarlar