Ankara-Bagdat Liniýasynda energetika gatnaşyklary we täze hyzmatdaşlyklar

Energetikanyň Gün Tertibi

2088002
Ankara-Bagdat Liniýasynda energetika gatnaşyklary we täze hyzmatdaşlyklar

Energetikanyň Gün tertibi atly gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda Türkiye-Yrak gatnaşyklarynyň energetika ugruny jikme-jik ýagdaýda gözden geçireris. Ankara-Bagdat liniýasyndaky täze hyzmatdaşlyklaryň global energiýa syýasatyna täsirini ele alarys.

Türkiye-Yrak gatnaşyklary soňky wagtlarda gowy depginler bilen öňe barýar. Iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwady takmynan 25 milliard dollar derejesinde. Taraplaryň arasynda artan diýalog bilen birlikde, şol görkezijileriň has hem artmagyna garaşylýar.
2024-nji ýyl Ankara-Bagdat gatnaşyklarynda-da möhüm ösüşleri getirer. 

Aprel aýynda kesilen Yrak-Türkiye çig nebit geçiriji turba liniýasy aprel aýynda duran diplomatik başlangyçlaryň netijesinde ýaňadandan başladylmagy göz öňünde tutulýar.

Kerkük Ýumurtalyk çig nebit geçiriji turba liniýasy ýyllyk 70 million barrelden gowrak kuwwatlylyga eýedir. Öňümizdäki tapgyrda şol liniýanyň göwrüminiň giňeldilmegi meýilleşdirilýär.
Türkiye-Yrak gatnaşyklary energetika ugrunda hem ösmek bilen birlikde, nebit we nebit önümleri üpjünçiliginde ediljek iň möhüm ädimleriň biri hem Galkynyş Ýoly Taslamasydyr.

Taslama 1200 km demir ýoly we awtomagistral ýoly bilen Türkiyäni Pars aýlagyndaky Faw deňiz menziline baglar. Yragyň Ýüpek Ýoly hökmünde hem häsýetlendirilýän taslama, Ýewropadan Pars aýlagy ýurtlaryna çenli uly sebiti öz içine alar we umumy peýda getirer.

Diňe Yragyň däl, eýsem şol bir wagtda Katar başda bolmak bilen Pars aýlagy sebitiniň ýurtlarynyň tebigy gazynyň Ýewropa ýetirilmegi has gysga we amatly liniýa bilen amala aşyrylar. Türkiyäniň enetgetika eksport mümkinçiligini artdyrar.

Taslama bilen Türkiye Yragyň energiýa çeşmeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi we energetika söwdasynda işjeň rol eýelär. Basradan Türkiye serhedine çenli uzap gitjek gara ýol we demir ýol aragatnaşyk koridorynyň gurluşygy bilen bagly Galkynyş Ýoly Taslamasy, Türkiyäniň energetika pudagyndaky bäsdeşlik güýjüne goşant goşar.

Galkynyş Ýoly Taslamasynyň tamamlanmagy bilen birlikde nebit we nebit önümleriniň daşalmagynda Suets kanalyna bäsdeş bolar.

Yragyň tassyklanan nebit ätiýajynyň takmynan 145 milliard barreldigi bilinýär. Şol mukdar dünýä nebit ätiýajynyň takmynan 8 göterimine, Ýakyn Gündogardaky nebit atiýajynyň bolsa 17 göterime barabardyr. Yragyň nebiti önümçilik taýdan dünýäniň iň arzan nebitleriniň biri hökmünde bilinýär.

Mahmut GÜRER / TRT Habar kanalynyň redaktory



Degişli Habarlar