Energetika 2023-nji ýylda dünýäniň we Türkiyäniň güntertibiniň ileri tutulýan ugry boldy

Energetikanyň Gün Tertibi

2085303
Energetika 2023-nji ýylda dünýäniň we Türkiyäniň güntertibiniň ileri tutulýan ugry boldy

Energetika 2023-nji ýylda dünýäniň we Türkiyäniň gün tertibiniň iň möhüm ugurlarynyň biri boldy. 2024-nji ýylda hem ýagdaý tapawutly bolmaz.

Türkiye soňky ýyllarda yzly-yzyna edýän ädimleri bilen bir tarapdan energetika ugrunda garaşsyzlygyny gazanmak üçin möhüm başlangyçlar edýän bolsa, beýleki tarapdan halkara derejede merkezi ýurt bolmak ugrundaky maksatlaryna tarap çalt depginler bilen barýar.

Ýewropa bolsa Russiýa-Ukraina uruşy sebäpli çuňňur energetika krizisini başyndan geçirýär.

Ine şu meseleler TRT TSR tarapyndan her hepde ýaýlyma beriljek “Energetikanyň Gün Tertibi” atly gepleşigimizde üstünde durup geçeris.

Şeýlelikde, Türkiýe energiýa meselesinde haýsy ädimleri etdi?

2024-nji ýyldan tamalaryňyz näme?

Öňümizdäki tapgyrda haýsy ädimler ediler?

Türkiye ähli deňizde tebigy gaz boýunça buraw işlerini dowam etdirýär. Ilkinji tapgyrda Gara deňizde 710 milliard kub metr tebigy gaz ätiýajy tapyldy. Gündogar Ortaýer deňizinde hem iň gysga wagtda buraw işleri başladylar.

Günorta-gündogar Anadoly sebitinde uly mukdarda nebit ätiýajy tapyldy. Şehit Aýbüke Ýalçyn ýatagynda gündelik 100 müň barrel önümçilik kuwwady bar. Şehit Esma Çewik ýatagynda bolsa 12 milliard dollar gymmadyndadygy çak edilýän 150 million barrel nebit ätiýajy tapyldy.

Türkiye gaýtadan işlenýän energiýada möhüm ädimler edýär. Elektrik tok önümçiliginiň 55 göterimi gaýtadan işlenýän çeşmeler ulanylyp öndürilýär.

Akkuýu atom energiýa bekediniň ilkinji reaktorynyň hem öňümizdäki aýlarda işledilip başlanmagy meýilleşdirilýär. 2028-nji ýylda beýleki reaktoryň işledilip başlanmagy bilen, ýyllyk 35 milliard kw/sagat elektrik tok öndüriler.

Täze atom energiýa beketleri üçin hem şu ýylyň dowamynda ädimleriň edilmäge başlanmagy meýilleşdirilýär.

Emma energetikadaky täze taslamalar diňe ýadro energiýa bilen çäkli däl.

7 halkara tebigy gaz geçiriji turba taslamasy, Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa gidýär. Täze liniýalaryň geçirilmegi hem gün tertipde. Mundan başgada ozal bar bolan geçirijileriň kuwwatlyklary hem artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Ähli bu zatlary amala aşyrmak bilen maksat ýurdy Energetika boýunça merkez ýagdaýyna ýetirmek.

Şonuň bilen baglylykda Russiýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Trakýada dörediljek engetika merkezi bilen Ýewropa tebigy gaz çykalgasynyň Türkiyäniň üstaşyr we ýeke täk merkezden ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý Türkiyäni tebigy gazyň bahalarynyň kesgitlenmeginde iň tankydy ýurtlaryň arasyna goşar.

Türk Dünýäsi bilen energetika ugrunda täze ädimleriň edilmegi gün tertipde. Azerbaýjan Ermenistanyň basyp alyşlygy astynda bolan Garabag sebitini basyp alyşlykdan azat etdi. Indi bolsa nobatda Zengezur geçelgesiniň durmuşa geçirilmek meýilnamasy bar. Geçelgäniň durmuşa geçirilmegi bilen birlikde Türkiye bilen Türk dünýäsi päsgelçiliksiz ýagdaýda biri-biri bilen biriger. Bu ýagdaý bolsa energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy we hyzmatdaşlyklar üçin täze mümkinçilikler hödürlär.

Esasan hem Azerbaýjandan soň Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiyäniň üstaşyr Halkara bazarlara açylmak mümkinçiligi gözden geçirilýär.



Degişli Habarlar