Dok tutýan azyklar…

Saglygym baýlygym

2074380
Dok tutýan azyklar…

Berhiz tutulýarka iň esasy zat çäkli iýmeklikdir. Ozalky iýme endikleri bolsa ony kynlaşdyrýar. Bu meseläni çözmegiň iň aňsat ýoly bolsa berhizde dok tutýan azyklary sarp etmekden geçýär.

Dok tutýan şol azyklar, berhiz düzgünnamalarynyň hem esasy bölegini emele getirýär. Berhiz tutulanda şol azyklary sarp etmek adamy dok tutýar. Käbir azyklar az iýilýändigine garamazdan dok tutup, horlanmagy ýeňilleşdirýär. Horlanmak üçin iýýän azyklarymyzyň düzümindäki kaloriýa az bolup, aşgazanyňyzda has köp ýer tutmaly we uzak möhletde aşgazanda galyp, dokluk duýgusyny emele getirmeli. Azygyň düzümindäki süýmiň we belogyň mukdary, azygyň mukdary we düzümindäki suwuň mukdary dokluk duýgusyny kesgitleýän esasy elementlerdir.

Iýmitlenme maksatnamasynda aşakdaky azyklaryň bolmagy, naharlanmalaryň arasyndaky ajykma duýgusynyň öňüni alar.

·        Ýumurtga

Ýumurta, dolulyk duýgusy ýokary bolan, ýokumly, düzüminde ýokary mukdarda belok bolan azykdyr.

·        Gallaly azyklar

Goňur tüwi, bugdaý çöregi we bugdaý makarony ýaly azyklar, ýaglanma gözegçilik etmek we kadaly agramy gorap saklamak bilen baglanşyklydyr. Onuň sebäbi galla önümleriniň düzümindäki süýmdir.

·        Çorba

Suwk azyklar aşgazadan has ýeňil çykýarlar. Şol azyklar dokluk duýgusyny hasam uzak saklaýarlar.

·        Iýmişler

mişler, naharlanma wagtlarynyň arasyndaky iň zansyz garbanarlyk alternatiwidir. Olar doklugy artdyryjy üç elementiň çeşmesidir. Olar belok, süým we peýdalyýaglar. Saglyk üçin peýdalanmak üçin duzsyz, şekersiz, gowrulmadyk we çig iýmişleri sarp ediň.

Az ýagly etler

Mal etinde, towuk, hindi towugywe balyk etinde ýokary mukdarda bolan hem-de dokluk duýgusy uzak möhletli bolan beloklar; dokluk gormanlaryna täsir ýetirýär. Az ýagly mal eti, towuk we hindi towugynyň eti bilen balyklaryň düzümindäki belogyň mukdarynyýokary, ýagynyň az bolmagy siziň has köp wagtlap dok galmagyňyzy üpjün edýär.

·        ýji kartoşka

Düzüminde ýokary mukdarda antioksident bolan süýji kartoşka beýleki azyklara görä has köp wagtlap dok galmagyňyzywe nobatdaky nahar çagynda az iýmegiňizi üpjün eder.

·         Gury kösükliler

Ösümlik belogy taýdan güýçli bolan nohut, fasol, merjimek, böwrek noýbasyýaly gury kösükliler dokluk duýgusyny emele getirmek üçin iň peýdalydyr. Süýmwe belok taýdandan düzümleri baýdyr.

·         Ýyl ýapraklywe kükürtli bakja önümleri

Esasanda ysmanak, rukkola, petruşka ýalyýyl ýaprakly bakja önümleri we kelem, brokoli ýaly kükürtli ösümlikleriň düzüminde süýmüň we suwuň mukdaryýokarydyr. Mukdar taýdan ulywe energiýa taýdan pes bolan şol azyklar, horlanmak hem-de dokluk duýgusyny emele getirmek üçin esasy azyklaryň başyny çekýär.

 

·         Ananas, alma we pyrtykal

Miweleriň düzüminde ýokary mukdarda suwwe süým bolýany üçin, şol bir kaloriýadaky miwe suwuna ýa-da datlylara görä aşgazanda has köp ýer tutýar hem-de dokluk duýgusynyýüze çykarýarlar. Esasanda ananas, alma we portykal düzümindäki suwwe süýmiň ýokary bolmagy sebäpli doýurma indeksi ýokary miwelerdir.

·         Gatyk

Gatyk, biliň daşyndakyýaglanmany azaldýar. Düzümindäki belogyň mukdary bolandygy üçin uzak wagtlap dok tutýar.

 

·         Awokado

Ertirlik naharynda dok tutýan azyklar diýlende ilkinji hatarynda awokadyýada düşýär. Awokado ýokumlylyk taýdan güýçli azyklardan biridir. Saglyk üçin peýdalydyr.

·         Gara bugdaý, kinao, ýarma

Gara bugdaý, kinoa, ýarma ýaly galla önümleri beýleki dänelere görä süým we belok taýdan has baýdyr. Bu galla önümleri düzümindäki süým arkaly içegelerde işdäni ýapýan gormonlaryjeňleşdirýär.

Lor peýniri

Lor peýniri, düzümindäki ýagyň we energiýanyň mukdary az, belogyň mukdary bolsa ýokary bolan peýnir görnüşlerinden biridir. Şol wagtda-da esasy kalsiý çeşmeşlerinden biri bolan lor peýniri, düzüminde belogyň mukdarynyň ýokary bolmagywe göwrümi sebäpli uzak wagtlap dokluk duýgysyny saklap galýar.

 

Üwelen süle

Üwelen süle düzümindäki süýmüň mukdarywe ýokary suw çekme ukyby sebäpli dok tutma güýji ýokary bolan galla önümlerinden biridir. Süledäki süýmler aşgazana suw çekip, dykyzlaşýar we aşgazan uzak möhletde boşaýar.


Etiketkalar: #horlanmak , #azyk , #dok tutmak

Degişli Habarlar