Kars Gazynyň Eti
Türkiýäniň Özboluşly Önümleri
Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitiniň taryhy Kars şäheri, Türkiyäniň gaz etiniň önümçilik paýtagty hökmünde hasaplanýar. Kars welaýatynyň Söwda we senagat palatasynyň 2023-nji ýylda ýüz tutmagy netijesinde Kars Gazynyň Eti Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Gaz eti Kars welaýatynyň obalyk ýerlerinde oktýabr aýynda baka goýulan gazlaryň noýabr aýynda kesilmegi, etiniň bütewi ýagdaýda basylyp, suwy azaldylyp, duzlanyp we açyk howada 5-10 gün guradylyp öndürilýär. Kars welaýatynda gaz köpeltmek ýapyk jaýlarda amala aşyrylmaýar. Organiki maddalara baý bolan Kars welaýatynyň obalyk ýerlerini öri meýdanlary hökmünde ulanmak gazlary ýetişdirmek taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Topragyň baý mineral düzümi toprakdan 1600 dürli ösümlik görnüşi, ösümliklerden öri meýdanlarda bakylýan gazlara geçýär, ol bolsa Kars gaz etiniň düzüminiň ýokary derejede fosfor, demir, kalsiý we kaliý elementlerine baý bolmagyny üpjün edýär. Gaz sürüleri oktýabr aýynda ýörite baka goýulýar. Şol tapgyrda esasan hem arpa ulanylýar. Oktýabr aýyndan başlap, howalaryň sowap başlamagy we gazlaryň şol wagtlar arpa bilen iýmitlenmegi-ýaglanmany we gazyň etindäki proteinleri we ýag derejesini artdyrýar. Noýabr aýynda kesilýän gazlaryň agyrlygy 4-5 kg çenli ýetmelidir. Gazyň eti içerki bölegi goýy gyzyl reňkde, süýümli gurluşly, duzly we yslydyr. Açyk howada asawaçlara düzülip guradylmagy we duzlanmagy netijesinde etiň çyglylyk mukdary azalýar. Kars gazynyň eti bişirilen mahaly ýeňillik bilen bişýär we eti ýumşak bolýar. Esasan hem Kars gazynyň etinden we etiniň suwundan bişirilýän iç palowly nahar, Türkiyede uly meşhurlyga eýedir.