Atatürküň aradan çykandygy hakyndaky habarlaryň bütin dünýäde uly beýan tapandygyny bilýäňizmi?

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

2068736
Atatürküň aradan çykandygy hakyndaky habarlaryň bütin dünýäde uly beýan tapandygyny bilýäňizmi?

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy lideri Mustafa Kemal Atatürkiň 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykmagyna diňe Türkiýede däl eýsem bütin dünýäde uly gynanç bildirildi. Atatürkiň aradan çykandygy hakyndaky habarlardan soň birnäçe ýurtda baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy, bir aýlyk milli ýas yglan edildi, käbir ýurtlarda mekdeplerde okuwlara arakese berildi. Geçmişde duşman hökmünde Türkiýä garşy duran ýurtlar hem Atatürkiň aradan çykmagyna uly gynanç bildirdi.

Mustafa Kemal, Türkiýe Respublikasynyň alyp barjak daşary syýasatyny milli özygtyýarlyk we ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk hökmünde kesgitläpdi we ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyk etmegi maksat edinipdi. Respublikanyň yglan edilmeginden soň birnäçe ýurduň döwlet ýolbaşçylsy Türkiýede saparda bolýar. Atatürki ýakyndan tanamaýan ýurtlar hem, onuň öňbaşçylygynda Türkiýäniň gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan gyzyklanýardy we kanagatlanma bildirýärdi. Şol sebäpli hem onuň aradan çykandygy hakyndaky habarlara daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňişleýin ýer berdi. Döwlet ýolbaşçylary we intellektuallar, Atatürk hakynda beýannama berdi. Olardan käbiri ynha şeýle:

1928-nji ýylda Türkiýede saparda bolan we Atatürk bilen duşuşan Owganystanyň Şasy Amanullah Han, “Atatürk, diňe Türkiýäniň däl eýsem tutuş gündogaryň Atasydy” diýýär.

YY Jahan urşunyň öňüsyrasynda Germaniýaly taryhçy Prof. Gerbert Meltsig “Dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagyny isleýän, adamzadyň maddy däl eýsem ruhy taýdan ösmegini isleýänler Atatürki görelde alsyn we ondan güýç alsyn” diýýär.

Milli Azat edijilik söweşinde üstünlik gazanyljakdygyna ynanan gresiýaly general Metaksas, Atatürki “Türk halkynyň meni haýran galdyrýan beýik ýolbaşçy”hökmünde häsiýetlendirýär. Metaksis 1937-nji ýylda Ankara guran saparynyň çäginde Atatürk bilen duşuşýar. General Metaksis, Atatürk aradan çykandan soň  “Ol diňe türk taryhynyň tanymal lideri däl, eýsem şol bir wagtda parahatçylygy söýüji beýik lider. Onuň guran täze Türkiýesi asyrlaryň dowamynda öz barlygyny dowam etdirer” diýýär.

Britaniýada çap edilýän “Taýmes” gazeti bolsa, “Anadolyly daýhanlara uly sarpa goýýan lider Atatürk” diýip ýazýar.

Eýranda bolsa “Tähran” gazeti, onuň aradan çykandygy hakyndaky habarynda “Atatürk ýaly öňdengörüjiler diňe görnüşde ölýär, emma durmuşa geçiren eserleri bilen baky ýaşarlar”diýip ýazýar.

 

 


Etiketkalar: #aradan çykmak , #Atatürk

Degişli Habarlar