Nohudyň täze görnüşi

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

2041291
Nohudyň täze görnüşi

Günorta gündogar Anadoly sebitinde nohudyň täze görnüşiniň tapylandygyny bilýäňimi?

Türkiýäniň Günorta gündogar Anadoly sebiti, dünýäde ilkinji ekerançylygyň başlan sebitlerinden biri. Ortaýer deňizi uniwersiteti tarapyndan geçirlen ylmy barlaglarda Günorta gündogar Anadoly sebitinde aşa yssy howa we guraklyga çydamly nohudyň täze görnüşi tapyldy. Ýürege meňzeş däneleri bilen ünsleri özüne çekýän nohudyň täze görnüşine, Respublikanyň 100 ýyllygy mynasibetli Tusjijum ady dakyldy.

Nohudyň täze tapylan görnüşi barada, ösümlikler taýdan dünýäniň köp tiražly žurnallaryndan biri bolan Frontiers in Pland Sjiens žurnalynda ýörite makala çap edildi we täze görnüş barada maglumat berildi. Seýrek gabat gelýän nohudyň täze görnüşi, halkara derejesinde nohut hakynda ylmy barlag geçirýän alymlaryň ünsüni özüne çekdi.

Täze tapylan Turjijum görnüşiniň esasan aşa yssy howa we guraklyga çydamlylygy umutlary artdyry. Geçirlen ylmy barlaglarda täze görnüşiň käbir zyýanly mör-möjeklere garşy hem çydamlydygy anyklandy. Howa çalşygynyň uly howp emele getirýän döwründe ekerançylyk üçin bu täze görnüşiň ähmiýeti has-da artýar.


Etiketkalar: #täze görnüş , #nohut

Degişli Habarlar