Ýurtda Parahatçylyk, Dünýäde Parahatçylyk

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

2032042
Ýurtda Parahatçylyk, Dünýäde Parahatçylyk

Ömrüniň 30 ýylyny harby işgär hökmünde geçiren Mustafa Kemal Atatürkiň parahatçylyga uly ähmiýet berýändigini bilýäňizmi?

Mustafa Kemal, harby durmuşyna 12 ýaşynda başlaýar, 4 söweşde front liniýalarynda söweşip, marşallyk çini alýar.

Mustafa Kemal  halka howp abanmadykça söweşiň jenaýatdygyny nygtapdyr. Onuň aýdan “Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” diýen sözi ýöne ýere aýdylan söz däldir. “Ýurtda parahatçylyk, jahanda parahatçylyk” ýörelgesine esaslanýan söz, Atatürkiň ynsana bolan söýgä uly ähmiýet berendigini görkezýär. Öňdengörüji Atatürkiň aýdan bu sözi, Türkiýe Respublikasynyň ýüzöwrülmesiz şygary bolýar. Bu ýörelge, bir tarapdan ýurduň içinde asuda we durnukly durmuşda ýaşamagy, beýleki tarapdan halkara barlyşygy we howpsuzlydygy maksat edinýär. Sebäbi dünýäde haýsydyr bir ýerde başdan geçiriljek oňaýsyz waka her bir adama ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem milletler, beýleki milletleriň kynçylyklaryna ünsiz çemeleşip bilmez.

“Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” mejbur galmadykça söweş jenaýatdyr çemeleşmesiniň netijsidir. Mustafa Kemal Atatürk, döwrüniň iň uly parahatçylyk neslini döredýär, 1934-nji ýylda Gresiýanyň Premýer-ministri Wenizelos tarapyndan Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige hödürlenýär.

 

 



Degişli Habarlar