Okeanlarda ylmy-barlaglar geçirmek, Aýda ylmy-barlaglary geçirmekden has kyn

Bilesigelijiniň Bellikleri

2012040
Okeanlarda ylmy-barlaglar geçirmek, Aýda ylmy-barlaglary geçirmekden has kyn

Hünärmenleriň aýtmagyna görä okeanlarda ylmy-barlaglar geçirmek, Aýda ylmy-barlaglary geçirmekden has kyn

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Wuds-Houl okeanografiýa institutynyň (WHOI) hünärmenleri, okeanyň çuňluklaryna çümüp, ylmy-barlaglar geçirmegiň älem giňişligine çykyp ylmy-barlag geçirmege garanyňda has kyn we çykdajylydygyny belleýärler.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Okeanlarda ylmy-barlaglar geçirmegiň, Aýda ylmy-barlaglary geçirmekden näme sebäpli has kyndygynyň üstünde durup geçmek isleýäris.

CNN tarapyndan berilen habara görä NASA-da işleýän hormatly alym derejesine eýe bolan Dr. Gen Feldman: “Aýyň we Marsyň elimizdäki kartalary öz ýer şarymyzyň kartasyndan has gowudyr” diýip belledi.

ABŞ-nyň Milli Okeaniýa we atmosfera gullugy tarapyndan taýarlanan 2022-nji ýylyň maglumatlaryna görä, adamlar on müňlerçe ýyllap okeanyň üstünde ylmy-barlaglar geçirýän hem bolsalar, diňe takmynan 20 göteriminiň kartasyny düzüp bildi.

Wuds-Houl okeanografiýa institutynyň (WHOI) habar bermegine görä, 12 astronawt şu günki güne çenli Aýyň üstünde jemi 300 sagat geçiren bolsalar, Ýuwaş okeanyň günbatarynda ýerleşýän we dünýäniň iň çuň nokady hökmünde bilinýän Marianna çöketliginde ylmy-barlag geçirmek üçin 3 adam takmynan 3 sagat sarp etdi. 

Adamlar tarapyndan okeanlaryň çuňluklarynda geçiren ylmy-barlaglar çäkli bolmak bilen birlikde, okeanyň çuňluklaryna çümmülende aşa basyş derejesine, görüp bolmajak derejedäki garaňka we aşa sowuga sezewar galyp bolýar. 

Okeanlaryň çuňluklarynda nämeler bar?

Wuds-Houl okeanografiýa institutynyň habar bermegine görä, çuň okean hökmünde kabul edilýän suwuň aşagy 1000 metrden başlap 6000 metre çenli ýetýär, çuň okean çukurlary bolsa 11 müň metre çenli ýetip bilýär.

Hadal (Ultraabissal) diýip atlandyrylýan ady agzalan okean çukurlary öz adyny gadymy Grek mifologiýasyndaky ýer asty dünýäniň Taňrysy bolan Aitden ýagny Hadesden alyp gaýdýar. Günüň şöhlesiniň ýetmeýän Ultraabissal ýagny Hadal ýerlerde, suwuň temperaturasy doňaklyga ýakyn bolýar.

Instututyň habar bermegine görä alymlar ilkinji gezek 1948-nji ýylda takmynan 6 müň metr çuňlukda janly-jandarlaryň ýaşaýandygyny subut etdiler.

2,2 million görnüşiň diňe 240 müňi alymlar tarapyndan tassyklandy

Feldman çuň we orta okeanyň diňe kiçiräk böleginiň adamlar tarapyndan öwrenilendigini we okeanyň düýbüniň örän kiçi böleginiň kartasynyň çykarylandygyny habar berdi.

Maglumatlaryň bular ýaly çäkli bolmagynyň sebäbiniň umuman alanyňda çykdajynyň köp bolmagyndan gözbaş alýandygyny aýdan Feldman, döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrylan gämileriň örän köp çykdajylara sebäp bolup biljekdigini we diňe ýangyjyň çykdajysynyň gündelik 40 müň dollara ýetip biljekdigini mälim etdi.

Deňizlerdäki ýaşaýyşy bellige almak we ylmy-barlaglar geçirmek ýaly işler amala aşyran Ocean Census kärhanasynyň habar bermegine görä, okeanlarda bardygy çak edilýän janly-jandarlaryň 2,2 million görnüşiniň diňe 240 müňi alymlar tarapyndan tassyklandy.

Feldman bolsa okeanlarda näçe sany janly-jandaryň ýaşaýandygyny anyk aýtmagyň mümkin bolmandygyny beýan etdi.

Habar Çeşmesi: Trt Haber

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Okeanlarda ylmy-barlaglar geçirmegiň, Aýda ylmy-barlaglary geçirmekden näme sebäpli has kyndygynyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #ylmy-barlag , #Aý , #Okean

Degişli Habarlar