Emeli intellektde B meýilnama: Robotlaşdyrylan adamlar

Bilesigelijiniň Bellikleri

1983598
Emeli intellektde B meýilnama: Robotlaşdyrylan adamlar

Emeli intellektiň bizi iň tolgundyran bölegi adama meňzeş robotlar, emma işler häzirki wagtda hem islenýän derejede däl. Şeýlede bolsa adamzat bir B meýilnamany hem durmuşa geçirmäge başlady.

TRT TSR-nyň Hormatly diňleýjileri. Emeli intellektiň bizi iň tolgundyran bölegi adama meňzeş robotlar, emma işler häzirki wagtda hem islenýän derejede däl. Şeýlede bolsa adamzat bir B meýilnamany hem durmuşa geçirmäge başlady. Bu hepde çip tehnologiýasy ugrundaky işleriň, artykmaçlyklaryň we potensial howplaryň üstünde durup geçmek isleýäris.

Ýaşaýyş durmuşymyzdaky ähli zat soňky 15-20 ýylyň içinde emeli intellektden öz paýyny aldy.

Indi bolsa nobatda has uly bir ädim bar: Adamyň beýnisi bilen emeli intellekti birleşdirmek.

Mesele bilen bagly özüne çekiji  ädim, Ilon Maska degişli bolan adam beýnisiniň üstünde işleýän Nueuralink kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.  

Kärhana, 2020-nji ýylyň ilkinji hepdelerinde beýni bilen kompýuteriň arasynda aragatnaşygy ýola goýup biljek bir mikroçipiň maýmynlaryň üstünde synagdan geçirilendigini we üstünlik bilen netijelenendigini habar berdi.

Synagda beýnä birikdirilen saçyň ¼ bölegi giňliginde elektrod ýüplük we olara degişli bir çip ulanyldy.

Geçen ýylyň awgust aýynda bolsa eşidiş enjamy ýaly gulagyň arka tarapyna dakylan çipiň ýerine şaý pul ululygynda bolan we gönüden adamyň beýnine birikdirilen interfeýsiň ulanyljakdygy mälim edildi. Ilkinji syganlar bolsa doňuzlaryň üstünde ýerine ýetirildi.  

Adamyň kelle süňküne robot bir el bilen ýerleşdiriljek çip, şol elektrod ýüplükler bilen beýnidäki degişli nokatlar bilen birikdiriler. Daşyndan hiç zat görünmez.

Emma interfeýsiň söwda önümi bolmagy üçin wagt gerek. Sebäbi ilki bilen adamlaryň üstündäki synaglaryň tamamlanmagy, ondan soň bolsa ABŞ-nyň Azyk we derman senagaty edarasy tarapyndan tassyklanmagy gerek.

Eýsem bu tagallalar näme sebäpli edilýär?

Çip tehnologiýasy ugrunda iş alyp barýan kärhanalara görä işleriň ilkinji maksady, Alsgeýmer we Parkinson ýaly keselleriň öňüni almak. Emma ulanyljak ýerler şolar bilen çäkli galmaz.  

Nahar sargamak üçin öýjükli telefon ýa-da kompýuter gerekmi? Şol taslamadan soň olar zerur bolmaz.

Kompýuter oýnuny oýnamak isleýäňizmi?

Mail ýazmak üçin klawiatura hem zerur bolmaz. . Konsolyňyzy we joýstigiňizi şondan soň zyňyp bilersiňiz.

Ilon Maskyň habar bermegine görä bu zatlaryň ählisi, beýnä dakyljak akylly bilezige meňzeş bir çip bilen amala aşyrylar.

Adamlara kömek etjek we olary super gahrymanlara öwürjek şol tehnologiýa şeýle bigünä galarmy?

Tehnologiýa ýazyjylaryna görä jogap ýok. Şol arkaýynlygyň agyr netijeleri bolar.

Beýnileriň heklenmek howpy bar

Ulanyljak implantlar, beýni bilen kompýuteriň arasyndaky arabaglanşygy bluetooth gollanmasy arkaly üpjün eder.

Emma şol ýagdaý, kiber howpsuzlyk töwekgelçiligini nol dereje ýetirip bilmez. Sebäbi implantlaryň ýüklenmegi we täzelenmegi öýjükli telefonlaryň üsti bilen amala aşyrylar.

Kiber howpsuzlyk hünärmenleriniň habar bermegine görä şol ýagdaý implant ulanan akyllary, kiber garakçylara garşy goragsyz goýmak howpy bar.

Şol düzgün bozmalaryň öýjükli telefonlaryň ýa-da bank hasaplaryňyzyň ele geçirilmeginden has uly töwekgelçilikleri bolup biler.

Kiber hüjümler bilen beýniniň başarnyklaryny we ýatlamalary pozmak ýa-da olary ele salyp üýtgetmek üçin ulanylyp biliner.

Habar Çeşmesi: TRT Haber

TRT TSR-nyň Hormatly diňleýjileri. Emeli intellektiň bizi iň tolgundyran bölegi adama meňzeş robotlar, emma işler häzirki wagtda hem islenýän derejede däl. Şeýlede bolsa adamzat bir B meýilnamany hem durmuşa geçirmäge başlady. Bu hepde çip tehnologiýasy ugrundaky işler, artykmaçlyklary we potensial howplaryň üstünde durup geçdik.  



Degişli Habarlar