Erzinjan Mis önümleriniň işlenip bejerilmegi
Türkiýäniň Özboluşly Önümleri
Erzinjan Mis önümleriniň işlenip bejerilmegi sungady.
Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Erzinjan şäheri, mis senetçiligi we şol ugurda ýetişen ussalary bilen tanalýar.
Erzinjanyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde Erzinjan Mis önümleriniň işlenip bejerilmegi sungady 2002-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.
Bu ýerde maksat mis senetçiligi sungadyny ussadan şägirtlige geçirmek bilen baglanşykly düzgün nyzamlary kesgitlemekdir.
Erzinjanly mis ussalary diwar tabagyndan wazalara çenli, kofe serwizinden hamma pyýalasyna çenli 500-den gowrak bezeg we öý goşlaryny misden öndürýär.
Önümçilik tapgyrynda ilki bilen ussa tarapyndan dizaýn edilen şekiller, mis listlere oýma usuly bilen nagyş hökmünde geçirilýär.
Mis üstünde işlenen her gezeginde has hem gataýar. Şol sebäpli her işiň ahyrynda ýumşadylýar.
Ondan soň mis ussasy çeper işler edip, eseri kümüş bilen çaýmak üçin taýar ýagdaýa getirýär.
Doldurgyç galam bilen kümüş çaýyljak ýerler doldurylanyndan soň, şol ýerler kümüş-nitrat maddasy bilen çaýylýar.
Işiň 2-nji tapgyrynda müsür galamy bilen üstünde işlenmedik ýerleriň üstünde işlenip tamamlanýar.
Gyzyl-ak reňke öwrülen önüme, okislenmezligi üçin açyk lak çalynýar.
Ussalar önümiň üstünde nähili işlejekdigi bilen bagly usuly akyllarynda suratlandyýarlar we her bir ussa özüne mahsus müňlerçe nagyş çykaryp bilýär.
Mis önümleriniň işlenip bejerilmegi sungadynyň iň möhüm şertleriniň biri hem misiň garalmagynyň öňüni almak üçin eser täk galam bilen ýerine ýetirilmelidir.
Şolar ýaly görnüşli eserler 100 ýyldan gowrak wagt garalman, durkuny gorap saklap bilýär.