Wakfykebir Çöregi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1971600
Wakfykebir Çöregi

Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky taryhy Trabzon şäheriniň Wakfykebir etrabyndan adyny alyp gaýdýan Wakfykebir Çöregi sebitiň ýaýlag medeniýetiniň netijesinde ýüze çykan we uzak wagtlap gorap saklap bolýan meşhur bir çörekdir.

Wakfykebir Çöregi Wakfykebir etrabynyň ýüz tutmagy netijesinde 2018-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Sebitde maldarçylyk bilen meşgullanýan we ýaz paslynda ýaýlaga çykýan maşgalalaryň azyndan 3-4 gün heňlemeýän çörege bolan zerurlyklary sebäpli, daş peçde bişirilen we turşy hamyr maýa bilen öndürilen Wakfykebir Çöregi wagtyň geçmegi bilen diňe sebitinde däl, eýsem bütin Türkiyede meşhurlyk gazanan çörege öwrüldi.

Wakfykebir Çöreginiň iň täsir galdyryjy aýratynlyklary bolsa onuň ýakymly tagama eýe bolan galyň gaty daşy we uly gözenekli gurluşy, dykyzlygy sebäpli agramynyň uly bolmagy we giýç heňlemegidir. 

Wakfykebir Çöreginde şol aýratynlyklary döredýän iň möhüm faktor bolsa, önümçiliginde ulanylýan turşy hamyrmaýadyr.

Hamyryň önümçiliginde ulanylýan maýa bilen birlikde azyndan 15 gün saklanýan un, duz we gatylyk derejesi pes bolan suw ulanylýar, konserwant ýa-da himiki maddalar hamyra goşulmaýar.

Çörek öňünden taýarlanyp gyzdyrylyp goýulan daş peçlerde, odunuň ýakylmagy bilen ýuwaş-ýuwaş bişirilýär.

Wakfykebir Çöregi amatly şertlerde saklanan halatynda 5 bilen 15 gün aralygynda gorap saklap bolýar.



Degişli Habarlar