Hataý

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1954993
Hataý

 

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolan ýer titremede agyr weýrançylyga sezewar bolan Hataý şäheriniň Anadolydaky iň gadymy ilatly ýerlerden biridigini bilýäňizmi?

Anadolynyň iň gadymy ilatly ýerlerinden biri bolan Hataýdaky taryhy ýaşaýyş bilen bagly galyndylar b.e.ozalky 100 müňünji ýyllara çenli uzap gidýär. Hataý sebitiniň özüne çekiji tarapy ýyly howa şertleri we bereketli topraklarynyň ýany bilen, taryhyň her bir döwründe göç edişliklere açyk bolmagyny üpjün edýän Anadolyda Çukurowa arkaly Siriýa we Palestina birikdirýän ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi. Aýratynam Messopotamiýadan Ortaýer deňizine çykmak üçin iň amatly portlar hem bu sebitde ýerleşýär.

Dinleriň, medeniýetlerin doganlygyny alamatlandyrýan; musaýy, hristian we musulman halklaryň ýaşaýan 23 asyrlyk geçmişe eýe bolan Hataýda üç diniň wekilleri dege-dege gubyrlarda ýatyrlar. Şäherdäki Sankt Pierre buthanasy Isa Pygambere ynanýanlaryň hristian atlandyrylan ilkinji ýeridir we Papa Paul 6-njy tarapyndan haj ýeri yglan edilýär. Şol sebäpli Hataý hristian dünýäsi üçin hem uly ähmiýete eýedir.

Rimleriň naýbaşy şäheri, gündogardaky paýtagty bolan we wagtal-wagtal imperatorlara ýer eýeçiligini eden Hataý, belkem taryh boýy ýer titremelerde iň agyr ýitgileri çeken şäherlerden biridir. Esasanda 526-njy ýylda bolan ýer titreme taryhyň iň güýçli ýer titremelerinden biridi we şäherde agyr weýrançylyklary getirýär.

Hataý tebigy apatlardan daşgary taryh boýy basyp alyjylar tarapyndan hem ýumrulan şäher. 526-528-nji ýyllardaky ýer titremelerden soň gaýtadan dikeldilen şäher arap we günbataryň çeşmelerinde “ Gala şäheri” atlandyrylýar we geçmişden biziň günlerimize çenli söwdada elmydama möhüm ýer eýeläp geldi.

2022-nji ýylyň görkezijilerinde Türkiýäniň ilat taýdan 13-nji şäheri bolan Hataý, başdan geçirilen ýer titreme apaty sebäpli agyr ýitgi çekdi. Emma ady Mustafa Kemal tarapyndan goýulan bu türk şäheri şübhesiz milletiň jebisligi bilen gaýtadan dikeldiler.


Etiketkalar: #ilat , #gadymy şäher , #Hataý

Degişli Habarlar