Ördek sindromy

Bilesigelijiniň Bellikleri

1942596
Ördek sindromy
Ördek Sendromu

Sosial mediada “Adaty ýaşaýyşdan özüňi tapawutly görkezmek”: Ördek sindromy

Ördek sindromy şahsyýetiň sosial mediada paýlaşýan materiallarynda görkezýän “ideal özi” bilen hakyky durmuşynyň arasyndaky tapawudy beýan eder.

Sosial media her kim tarapyndan diýen ýaly işjeň ýagdaýda ulanylýar. Halanmak islegi adamlar üçin tebigy islegdir. Paýlaşýan metarillarymyzda ählimiz kämil bolmagy isleýäris we başga adamlaryň kämil diýip pikir edýän materiallaryň içinde ýitip gidýäris. Her kim şolar ýaly bagtlymy? Ýogsam şolar ýaly görkezýärlermi? Geliň Ördek sindromy bilen tanyşalyň.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde Sosial mediada “özüňi tapawutly görkezmek”: Ördek sindromy atly temanyň üstünde durup geçeris.

Sosial media tomaşa edýän mahalyňyz adamlaryň durmuşynyň nähili derejede kämil diýip özüňizi olar bilen deňeşdirýärsiňizmi?

Uzakdan ser salynanda kämil ýaly bolup görünýän şol adamlaryň aslyna garanyňda bizden ol diýen tapawutly däldir, emma näme sebäpli olar tapawutly ýaly görünýärler?

Sosial barlagçylar ony Ördek sindromy diýip atlandyrýarlar, olara görä ol adamyň hakyky we sosial medianyň arasyndaky tapawudydyr.

Ördek sindromy şahsyýetiň sosial mediada paýlaşýan materiallarynda görkezýän “ideal özi” bilen hakyky durmuşynyň arasyndaky tapawudy beýan eder. Bu sindrom şahsyýetiň sosial mediada paýlaşan maglumatlarynyň we materiallarynyň hakyky durmuşdaky tejribelerini görkezip bilmejekdigi manysyny berýär.

Ilkinji gezek Stanford uniwersitedi tarapyndan öňe sürülen Ördek sindromy, talyplaryň islendik kynçylygy, depressiýany, özünden şübhe etmek aladalaryny basyp ýatyryp, uzakdan arkaýyn görünmek başarnygyny beýan etmek üçin ulanylypdyr.

Näme sebäpli ördek, ördeklere üns berip gördüňizmi?

Ählimiz suwuň üstünde tans edýän ýaly ýüzýän ördeklere ser salan bolsak gerek. Suwuň üstüne syn eden mahalymyz hiç hili meseläniň ýokdugyny görýäris, emma esasy mesele suwuň aşagyndadyr. Suwuň aşagynda bolan aýaklary maşyn ýaly işleýär.

Sosial mediada şahsyýetler özlerini nähili görkezmek isleýän bolsalar, şol ugur boýunça materiallar paýlaşýarlar.

Sosial media ähli zada göreşsiz we tagallasyz ýetip bolýandygyny görkezmek üçin amatly bir guşawdyr. Adamlar hem şony edýär.

Adamlar uzakdan görünişleri ýaly bagtlymy, baýmy, başarnyklymy ýa-da kämilmi? Jogabyny ählimiz bilýäris, elbetde olar ýaly däl.

Adamlar häzirki günde kämil bolmaga mejbur edýän, kämil bolmaýany uzaklaşdyrýan dünýä öwrenişmek üçin, başga şekillere bürenmäge mejbur galýarlar. Emma onuň psihologiýamyza nähili erbet täsir edýändigini bilýärismi?

Ördek sindromyny başyndan geçirýän adama iň köp täsir ýetirýän ugur başgalary we başga adamlary pikir edip, gündelik ýaşaýyş durmuşdan lezzet almaklary örän kyn. Bu sindrom, şahsyýetde ynjalyksyzlyk we depressiýa bar bolsa, olary has hem güýçlendirip bilýär. Şolar ýaly görnüşli meseleleriň hötdesinden gelip bilýändigiňizi pikir edýän hem bolsaňyz, psihologdan kömek almak siz üçin örän gowy bolar, sebäbi hiç kim şol materiallardaky ýaly kämil däl.

Hiç kimiň durmuşy bir ördegiň suwuň üstündäki ýüzüşi ýaly haýran galdyryjy däl. Özüňizi başga biri bilen deňeşdirmek özüňize edip biljek iň uly erbetlik bolar.

Hormatly diňleýjiler, Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde Sosial mediada “özüňi tapawutly görkezmek”: Ördek sindromy atly temanyň üstünde durup geçdik.

 



Degişli Habarlar