Sagdyn durmuşyň formulasy: Hereket etmek

Bilesigelijiniň Bellikleri

1936262
Sagdyn durmuşyň formulasy: Hereket etmek
spor yürüyüş

Hereketsizlik semizlik başda bolmak bilen saglyk bilen bagly ençeme meselä sebäp bolýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 2030-njy ýyla çenli takmynan 500 müň adamyň şol sebäpli biri-birinden tapawutly keseller bilen kesellejekdigini çak edýär. Çözgüt bolsa dowamly häsýetdäki fiziki işjeňlikden geçýär.

TRT TSR-niň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki bölüminde bolsa Sagdyn durmuşyň formulasy: Hereket etmek temasynyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Adamlar ekranlaryň başynda has köp wagt geçirýärler, gysga aralyklar üçin hem ulag ulanýarlar, söwda-satuw işlerini hem internediň üsti bilen amala aşyrýarlar. Döwrebap ýaşaýyş nusgasy adamlaryň gündelik durmuşyndaky ýüküni azaldýan hem bolsa, hereketsizlige sebäp bolup, saglyk bilen bagly ençeme meseläniň başlamagyna esas döredýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan taýarlanan habarnama hem şol aýdylýanlary tassyklaýan häsýetdedir. Dünýäniň 194 ýurdundan ýygnalan statistikalara görä 2030-njy ýyla çenli takmynan 500 müň adam hereketsizlik sebäpli saglyk bilen bagly biri-birinden tapawutly meseleleri başyndan geçirer.

Hereketsiz ýaşaýyş saglyk bilen bagly nähili meseleleri ýüze çykarar we haýsy keselleriň döremegine sebäp bolar?

Fiziki işjeňligiň ýetmezçiliginiň sebäp bolan iň uly biynjalyklygyň semizlikdigini aýdan Saglygy goraýyş ylymlary uniwersitediniň mugallymy Endokrinologiýa we metabolik keseller boýunça hünärmen Prof.dr Mazhar Müslüm Tuna: “Semizlik ýeke bir kesel däl, ençeme keseliň öňbaşçysy hökmünde kabul edip bileris. Semizlik bilen bagly iň köp gabat gelen kesel süýji keselidir. Şeýle hem ýürek-damar kesellerine, gipertoniýa, ýürek agyrysyna we insulta sebäp bolup bilýär. Elbetde şol fiziki biynjalyklyklar bilen birlikde psihologiki kesellerede sebäp bolup bilýär” diýip habar berdi.

Ähli şol keselleriň öňüniň alynmagy üçin saglykly iýmitlenmek bilen birlikde hereket edilmegi, ýagny dowamly häsýetde fiziki işjeňligiň edilmegi maslahat berilýär.

Sebäbi yzygiderli häsýetdäki hereket etmek, ýokary gan basynjy ýaly ýürek-damar kesellerini, süýji keseli, süýt mäzleriniň ragy we içegäniň düwnük keseli ähtimallygyny, hatda depressiýa howpyny hem azaldýar.

Saglygymyzy goramak üçin näçe maşk edilmeli?

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we ençeme jemgyýet hepdede 150 bilen 300 minut aralygynda maşk edilmegini maslahat berýär. Günde takmynan 30 bilen 60 minut aralygynda ýöriş etmek hem şoňa barabar gelýär. Emma şol ýöriş templi bolmaly. Eger mümkinçilik bar bolsa tigir sürüp bolar, ylgap bolar ýa-da ýüzüp bolar.

Hereket etmek depressiýa howpyny hem azaldýar

Hereket etmek bogunlary, birleşdiriji dokumalary we süňkleri güýçlendirýär. Insuline garşylygy peseldýär. Agramyňy peseltmegi ýeňilleşdirýär. Şol ýagdaýda gan şekerini we gan basynjynyhas deňagramly ýagdaýa getirýär.

Adamlaryň dowamly häsýetde sport bilen meşgullanmaklary diňe bedeniň saglygy üçin däl, eýsem ruhy taýdan hem örän peýdaly.

Iň ýeňil işjeňlige başlanyňdan başlap ilkinji pursatlarynda hem adamyň keýpi ýerine gelýär, nerwi köşeşýär, aňy dynç alýar we janlanýar. Ol yzygiderli ýagdaýda bolan halatynda bolsa adamlaryň ukusy kadalaşýar. 

Hünärmenleriň aýtmagyna görä maşklary diňe saglyk bilen bagly meseleleri bolan adamlar däl, eýsem her kim tarapyndan edilmeli. Ony gündelik ýaşaýyş durmuşymyzyň bir bölegi ýagdaýyna öwürmegiň ähmiýetine ünsleri çeken Prof.Dr. Tuna, çagalyk ýyllarynda has köp hereket edilmegini maslahat berýär. Sebäbi çagalyk ýyllarynda alynan agramlar, soňky ýyllarda has uly meselelere sebäp bolup biljekdigini beýan edýär.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki bölüminde bolsa Sagdyn durmuşyň formulasy: Hereket etmek temasynyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #sagdyn durmuş , #hereket

Degişli Habarlar