Çagalaryň immunitetini güýçlendirmek üçin käbir maslahatlar
Saglygym baýlygym
Gepleşigimiziň bu sanynda Çagalaryň immunitetini güýçlendirmek üçin käbir maslahatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.
Güýçli immunitet ulgamy özüňizi gowy duýmagyňyzy, sagdyn görünmegiňizi we energiýaňyzdan has ýerlikli peýdalanmagyňyzy üpjün edýär.
Kadaly iýmitlenme we uky
Kadaly uky, kadalywe sagdyn iýmitlenmek, elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak we synplaryň belli aralyklar bilen howalandyrylmagy çagalaryň immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin öňe saýlanýan esasy faktorlardyr.
Bol suw içmeli
Çagalara bol suw içirilmeli.
Gyzyl balyk
Düzüminde omega 3 ýag aşgarynyň mukdaryýokary bolan we çagalaryň beýnisiniň ösmegi üçin peýdalydygy kesgitlenen gyzyl balyk, şol bir wagtda-da ýokançlardan goraýyjy häsýete eýedir. Balygy gönüden ýekelikde ýa-da kartoşka we bakja önümleri bilen bilelikde iýmeklik maslahat berilýär.
Kiwi
Düzüminde Jwitaminiň mukdaryýokary bolan kiwi, bedeniň goranyş ulgamyndaky antioksidentleri hem özünde jemleýär.
Demir ýetmezligi bolan çagalarda kiwiniň üstüne toşap çalyp bermek, toşabyň düzümindäki demir elementiniň siňdirilmegini güýçlendirip, immuniteti iki esse güýçlendirýär. Sebäbi toşabyň düzümindäki demiriň siňdirilmegi üçin hem Jwitamini gerek.
Öýde edilen gatyk
Çagalaryňyza hökmany suratda her gün bir käse öýde edilen gatyk iýdiriň. Gatygy naharlaryň ýanynda ýa-da nahardan öň içine miwe dograp hem iýmek maslahat berilýär. Malyň süýdüne allergiýasy bolan çagalara geçiniň süýdünden edilen gatyk beriň.
Süle
Süle, düzümindäki betaw glýukan we sinç arkaly immuniteti güýçlendirýär. Düzümindäki süýmler bilen hem iňňän peýdaly bolan süläni süýde goşup, düzüminde E witamini ýokary bolan çig badam we 1 porsiýa banan goşup, blenderden geçiriň we ertirlik naharynda çagalaryňza iýdiriň.
Brokoli
Düzüminde J, A we E witamini bolan brokoli sözüň doly manysynda antioksident çeşmesi. Özüni ýa-da çorba goşup sarp etmek maslahat berilýär.
Merjimek
Güýz we gyş aýlarynda naharynyň we çorbasynyň hepdede iki gezek sarp edilmegi maslahat berilýär. Ösümlik belogy bolany üçin çagalaryň ösüş depgini taýdan peýdalydyr.
Ýumurtga
Ýumurtga, ene süýdünden soň bedene gerek bolan iň gowy belok çeşmesidir. Gaýnadyp, gowuryp, gök we bakja önümlerine goşup iýmek peýdaly. Günde bir ýumurtda çagalar üçin iňňän peýdalydyr.
Iýmişler
İmmunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin çagalaryň iýmit gabyna çig funduk, hoz, çig badam we çig kädi çigidini goýuň. Ol çagalarda endige öwrülsin. Esasanda ertirlik naharynda azajyk iýmiş iýmeklik çagalaryňyzyň günlük E witamini we mineral zerurlygyny gidirer.
Ary süýdi we bal
3 ýaşyndan uly bolan çagalar her gün irden ertirlik naharyndan öň 1 çaý çemçesine barabar bal goşup berilmegi immunitet ulgamy taýdan iňňän peýdalydyr. Emma 3 ýaşyna ýetmedik çagalara, allergiýasy bolan, demgysmasy bolan çagalarda lukman bilen maslahatlaşmak hökmany.
Käkilik oty
Käkilik otunyň her gün çaý görnüşinde içilmegi hem immunitet ulgamyny güýçlendirýär hem-de bronhit ýaly ýarawsuzlyklaryň aýrylmagy üçin peýdaly. Sözüň doly manysynda tebigy üsgülewik siroby we grippden goraýyjy.
Zenjebilli we kurkumaly gatyk
Günde 1 käse öýde edilen gatyga 1 çaý çemçesi zenjebil we 1 çaý çemçesi kurkuma goşup, immunitet ulgamyny güýçlendirýän iki ösümlik hem-de gatygyň saýasynda çaganyň gyş paslyny rahat geçirmegini üpjün edip bilersiňiz.
Banan we gatyk
Günde bir käse öýde edilen gatyga bir kiçi banany goşup, çagalaryňyza iýdirmek maslahat berilýär. İçegelerimizde ýaşaýan we florany goraýan käbir peýdaly bakteriýalar zyýanly mikroorganizmleriň köpelmeginiň öňüni alyp, immunitet ulgamymyzy güýçlendirýär. İň esasy probiotik azyk; gatykdyr we probiotik çeşmesi banan bilen bilelikde sarp edilende has peýdalydyr. Şol sebäpli günde bir gezek gatykly banan iýmeklik maslahat berilýär.
Tebigy antibiotik-sarymsak
Sogan we sarymsak “tebigy antibiotikler hökmünde öňe saýlanýarlar. Sarymsak düzümindäki elmentler antibakterial we antiwiral täsir görkezýär. Çaganyň immunitet ulgamyny güýçlendirip, demgysmanyň öňüni alýar.
Emma sarymsak naharlarda, saladlarda we gatykda çigligine ulanylmaly. Ýagda gowrulyp, goşulan sarymsak immunitet ulgamy üçin ýokary peýda görkezmeýär.