Uzyn Köpri

Giňdir dünýe geňdir dünýe

1932570
Uzyn Köpri

Dünýädäki iň uzyn daş köprüniň Türkiýede ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Türkiýäniň Gresiýa-Bolgariýa serhedinde ýerleşýän Edirne şäherindäki Ergene derýasynyň üstünde 15-nji asyrda gurlan Uzynköpri köprüsi, dünýäniň iň uzyn daş köprüsi derejesine eýe. Osman döwletiniň 6-njy patyşasy Soltan Murat 2-nji tarapyndan 1427-1443-nji ýyllaryň aralygynda gurdurylan Uzynköpri köprüsi, uzynlygy 1270, kemeri 174 metre barabar bolup, biziň günlerimize çenli gelip ýeten iň uzyn daş köprüdir.

Hekdaşy we trawerten görnüşli kesme daş bloklardan gurlan kaşaň köpri, Orta Aziýadan Balkanlara çenli uzap gidýän giň sebitde medeniýetleri jebisleşdiren Osman döwletiniň sungat hem-de estetika düşünjesinden bezegleri özünde jemleýär. Köprüniň aýaklarynda we kemer daşlarynyň üstünde güýjüň-kuwwatyň simwoly bolan käbir haýwanlaryň şekilleri bilen ösümlik motiwleri bar. Olaryň arasynda aýa wekilçilik edýän zenan kellesi bar. Beýleki tarapyndan bolsa piliň şekili ýerleşdirilipdir.

Bu monumental bina, gurluşyk materiallary, injenerçilik ussatlary we özbolyşlygy saýasynda uzyndygyna garamazdan agyr şertlerde 600 ýyla golaý wagt bäri ulanylmaga dowam edilýär. Taryhy köprüniň 2,5 metr belenliginde, 4,5 metr giňliginde üçburçlyk görnüşli köşki we iki balkony bar. 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nuň Dünýäniň Medeni Mirasynyň wagtlaýyns anawyna goşulan Uzunköprü köprüsinden, agyr ýük ulaglarynyň geçmegi gadagan edildi.



Degişli Habarlar