Üsgülewügiň tebigy bejergi usullary

Saglygym baýlygym

1911103
Üsgülewügiň tebigy bejergi usullary

Gepleşigimiziň bu sanynda Üsgülewügiň tebigy bejergi usullary bermek isleýäris.

Şol tebigy usullar ösgülewigiň ýeňillik bilen aýrylmagyny üpjün eder.

Içýän suwuňyzyň mukdaryny artdyryň

Ýokarky dem alyş ýoly ýokançlary sebäpli burnuň akmagy, bokurdagy biynjalyk edýän üsgülewigiň başlamagyna sebäp bolýar. Suw, şol akymy suwgaldyp, bokurdagyň biynjalyklygyny azaldar. Bol suw içmek aýratynam bokurdagyň çygly bolmagyny üpjün edip, üsgülewigi ýeňleder. Her gün azyndan 2 litr suw içmegi ýatdan çykarmaň.

Sogan şypasy

1 sany sogany dörde bölüp, 1 kase suwda gaýnadyň. 5 minut gaýnandan soň sowadyň. Süzenden soň 1 datly çemçesi bal goşup, içmek maslahat berilýär.

Turp şypasy

Turpuň içini oýuň we aşagyny deşiň. Soň turpy käsäniň içine goýuň we içine bol goşuň. Turpy bir gün garaşdyryň we käsä daman baly iýiň.

Sarymsak we dalçyn

Bir käse gaýnan suwuň içine bir diş sarymsak we 2 sany dalçyn çybyjagyny goşuň. 5 minut demlenenden soň içiň.

Süýt

Bir käse süýdi gaýnadyň. Gaýnan süýde bir çaý çemçesi gara burç sepiň we içiň. Süýde bal goşmak maslahat berilýär.

Zenjebil we bal

Üwelen zenjebil bilen bir datly çemçesi baly garyň. Bu ergini nahardan soň iýmek maslahat berilýär.

Limon, gara buç, duz

Limony dörde bölüň. Bölünen limonlaryň üstüne gara burç we duz sepiň. Üsgülewigiň çalt aýrylmagy üçin limony iýiň.

Badamly pyrtykal suwy

Çig badamy rondo bilen üwäň. 2-3 çaý çemçesi üwelen badam bilen bir käse pyrtykal suwuny garyň. Her gün irden we agşam ýatmazdan öň içmek maslahat berilýär.

Üsgülewik üçin ösümlik çaýlaryna bal goşuň, narpyz bilen limony gaýnadyň

Lipa, itburny, zenjebil, narpyz we limon ýaly çaýlar üsgülewigiň ýeňlemegi üçin peýdalydyr. Aýratynam çaýa bal goşup içmek üsgülewige peýdalydyr. Bal; nemlendiriji özbolyşlygy bilen bokurdagyň guramagyny aýyryp, bokurdagy ýumşadýar we üsgülewigiň azalmagyny üpjün edýär.

Gara burç we bal

Bir çaý çemçesi üwelen gara burçy 2 nahar çemçesi bala garyň. Üstüne gaýnan suw goşuň we 15 minut demlenenden soň süzüp içiň. Gakylykly üsgüklewigi aýyrmak üçin iň peýdaly ergindir.

Düzüminde  J witamini ýokary bolan azyklary sarp ediň

Üsgülewik ýokarky demalyş ýokanjyna baglylykda ýüze çykan bolsa; greýfurt, mandalin, pyrtykal we limon ýaly sitrus miweleriniň ýany bilen gara kelem, pomidor, ysmanak, fasol, greçka we sogal ýaly düzüminde J witamini ýokary bolan bakja hem-de miwe önümlerini sarp ediň.

Çilim çekmäň

Çilimiň tüssesi ýokarky we aşakky demalyş ýollaryna zyýan ýetirýän faktorlardan bridir. Aýratynam demalyş ýollaryny goraýan mehanizmlere hem zyýan ýetirýär. Şol zyýanly endigiňizi dessine taşlaň.

Otagyňyzyň çyglylyk derejesini kadalaşdyryň

Öýdäki gury howa, demalyş ýollaryny guradyp, üsgülewigi artdyrar. Öýüň çyglylyk derejesini kadalaşdyrmak üçin bug enjamlaryndan peýdalanyň. Ýyladyjylaryň üstüne yzgar mata goýmak maslahat berilýär. Çyglylygyň 30-50 aralygynda bolmagyna üns beriň.

Ýyly duşa düşüniň

Ýyly duş, burundaky suwklyklary azaldyp, üsgülewigiň ýeňlemegini üpjün eder. Ýyly banýadaky bug allergiýa we demgysga sebäpli ýüze çykýan üsgülewik üçin hem peýdalydyr.

Atyra we arassaçylyk önümlerine üns beriň

Atyr we arassaçylyk önümleri bokurdagy gijedip, üsgülewige sebäp bolýar.

Agşam 19:00dan soň nahar iýmäň

Reflýu ýarawsyzlygyňyz bar bolsa, agşam 19:00-dan soň nahar iýmegi bes ediň. Çaý, kofe, gazly içgiler we şokolad ýaly reflýunyň güýçlenmegine sebäp bolýan azyklardan we içgilerden mümkin gadar çetde duruň. Ýassygyňyzy belgeltmegi ýatdan çykarmaň.

Düşek örtügiňizi 55 gradus ýylylykda ýuwuň

Allergiýasy bolan adamlarda öý tozany bilen heň, guşuň, pişigiň we güjügiň öli derisi hem üsgülewige sebäp bolýar. Şeýle allergiki sebäplere garşy çäre görüň. Ýüň iç geýim, ýorgan, ýassyk we haly ulanmaň. Düşek örgügiňizi we ýassyk daşyňyzy az bolan 55 gradus ýylylykda ýuwuň. Tutuňyzy we beýleki örtükleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmaga amatly bolan pagta önümlerden saýlap alyň.

Allergiki üsgülewik üçin tozany özüne çekýän goşlardan çetde duruň

Allergiýaňyz bar bolsa öýüňize mümkin gadar az goş alyň. Mata gaply goşlaryň ýerine deri, sintetiki ýa-da agaç goşlary almak maslahat berilýär. Tozan çekýän goşlary ýapyk şkaflarda saklamagy ýatdan çykarmaň.



Degişli Habarlar