Sanly döwürde wirtual älem dili

Bilesigelijiniň Bellikleri

1911233
Sanly döwürde wirtual älem dili

Sanly döwürde çaga uladýan ene-atalar şol sözleri nädip öwrenmeli? Wirtual söz düşünjelerine eýe bolmak maşgalalara nähili goşant goşar?

“Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Sanly döwürde wirtual älem diline ene-atalaryň çemeleşmesi” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Loot etmek (Sanly oýunlarda olja almak), Level geçmek (oýunlarda personažyň derejesini ýokarlandyrmak üçin tagalla etmek), DM-den hat ýazmak (Gönüden hat ýazmak, garşyňdaky adamyň özüne ýazmak)... Şol sözler täze nesiliň, wirtual älemde ulanýan sözleriniň diňe käbirleri. Maşgalalar çagalarynyň ulanýan şuňa meňzeş sözleriň näçesiniň manysyny bilýär? Sanly döwürde çaga ýetişdirýän ene-atalar şol sözleri nädip öwrenmeli? Wirtual söz düşünjelerine eýe bolmak maşgalalara nähili goşant goşar?

Internet barha ýaýbaňlanýar, wirtual älem her gün gündelik ýaşaýyş durmuşymyzyň içine has hem girýär.

Şol ýagdaý bolsa täze bir aragatnaşyk diliniň ýüze çykmagyny sebäp bolýar. 

Loot edýärler, level geçýärler, dostlary bilen DM-niň üsti bilen ýazyşýarlar. Täze nesil sanly döwürde wirtual älemiň dilini ulanýarlar.

Täze nesiliň wirtual älemde ulanýan sözleri ene-atalar üçin geň ýa-da düşnüksiz bolup biler.

Ene-atalara şol sözleriň manysy soralan mahaly: “Şol sözüň manysyny men bilmeýärin, ozal eşitmändim”, “Şol sözi ilkinji gezek eşitdim” ýaly jogaplar berýärler.

Ýaş nesil bilen kemala gelen adamlaryň arasynda ýaş tapawudy näçe artsa, wirtual älemde ulanylýan dilden hem şolar dereje uzaklaşýarlar. Hatda käbir ene-atalar wirtual älmede çagalarynyň ulanýan saýtlaryny hem bilmeýärler. Facebook, Instagram, Twitter ýaly gollanmalary hiç wagt eşitmändigini aýdýan ene-atalar hem bar.

Ene-atalaryň wirtual älemdäki hereketlerine gözegçilik etmek üçin çagalarynyň ulanýan diline düşünmekleri maslahat berilýär.

Sosial media we sanly howpsuzlyk bilim we ylmy-derňew merkeziniň (SODIMER) başlygynyň orunbasary Dr. Lewent Emmungil maşgalalara çagyryş berip: “Sanly döwürde çagalaryň ulanýan dilini iň gowy edip olardan öwrenip bileris. Olar bilen bilelikde bu dili öwrenmegimiz olara ähmiýet berýändigimiz we olaryň ýanyndadygymyz baradaky duýgyny berer” diýip habar berdi.  

Çagalaryň bilýän sözlerini bilmek maşgalarara nähili goşant goşar?

Dr. Lewent Emmungil: “Näme üçin öwreneliň soragyna gelen mahalymyz, bu ýerdäki möhüm mesele olar bilen gowy aragatnaşyk ýola goýup bilmekdir. Sebäbi olaryň dünýäsinden gopmazlyk üçin olaryň ulanýan sözlerini öwrenmäge we bilmäge mejburdyrys” diýip nygtady.

Hünärmenler şol aragatnaşygyň şol bir wagtda maşgalanyň içindäki gatnaşyklary hem berkitjekdigini belleýärler.



Degişli Habarlar