Çagalarda immuniteti güýçlendirmek

Saglygym baýlygym

1905208
Çagalarda immuniteti güýçlendirmek

Gepleşigimiziň bu sanynda Çagalarda immuniteti güýçlendirmek üçin peýdaly maglumatlary dykgatyňza ýetirmek isleýäris.

Tebigy azyklary ýeterlik we kadaly sarp edip, çagalaryňyzyň immunitet ulgamyny güýçlendirmek arkaly kesellerden gorap bilersiňiz.

Kadaly iýmitlenmek

Çagalaryň kesellerden goranmagy üçin sagdyn, deňagramly we kadaly iýmitlenmegine ünsli çemeleşilmeli.

Kefiri miwe bilen tagamlandyryň

Her gün 1 käse tebigy kefir içmeklik, immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Çagalar kefiri halamaýan bolsalar, oňa belli bir mukdarda miwe pýuresini goşup, tagamlandyryp bilersiňiz.

Gyzyl balyk

Düzüminde Omega 3 ýag aşgary ýokary mukdarda bolan we çagalaryň beýnisini ösdürýän gyzyl balyk, şol bir wagtda-da bedeni ýokançlardan goraýar.

Toşap

Toşap hem immuniteti güýçlendirýän we ganazlygy azaldýan azyklardan biridir. Toşaby düzüminde J witamini bolan kiwi bilen bilelikde sarp etmek maslahat berilýär.

Kiwi

J witamini beýleki miwelere görä ýokary mukdarda bolan kiwi, bedeniň goranyş ulgamyndaky antioksidentler taýdan hem baý miwedir.

Gatyk

Esasanda probiotik düzümi ýokary bolan azyklary sarp etmek hassalyklardan goraýyjydygy üçin çagalaryňyza hökmany syratda her gün bir käse gatyk iýdirmek maslahat berilýär. Gatygy naharlaryň ýanynda ýa-da nahardan öň we soň günüň dowamynda içine miwe dograp iýiň. Çagalaryňyzyň malyň süýdüne allergiýasy bar bolsa, geçi süýdünden edilen gatyklary beriň.

Banan we gatyk

Günde bir käse öýde edilen gatyga bir banan goşup, çagalara iýdirmek peýdalydyr. İň esasy probiotiki azyk; gatykdyr we probiotigiň çeşmesi bolup durýan banan bilen bilelikde iýlende onuň täsiri hasam güýçli bolýar.

Zenjebilli we zerdeçally gatyk

Günde bir käse öýde edilen gatyga bir çaý çemçesi zenzebil we 1 çaý çemçesi zerdeçal goşup, hem gatygy gowy görmeýän çagalara bu deňsiz belok çeşmesini tagamlandyryň, hemem immunitet ulgamyny güýçlendirip, çagalaryňyzyň gyş paslyny rahat geçirmegini üpjün ediň.

Sarymsak

Sarymsak antibakterial özbolyşlygy bilen immuniteti güýçlendirip, bedeniň çydamlylygyny artdyrýar. Çagalaryňyzyň immunitet ulgamyny güýçlendirip, gelejekde demgysga sezewar bolma howpuny azaldýar. İne şonuň üçin hem sarymsagy ähli naharlara goşmak maslahat berilýär.

Naharlara salynan sarymsagyň mukdaryny artyrmak hassalanma howpyny azaldýar. Sarymsagy nahara gowuryp däl, eýsem göni salmak onuň düzümindäki antioksidentlerden has netijeli peýdalanmagy üpjün eder.  Sarymsak naharlara, saladlara we gatyga çigligine goşmak peýdalydyr.

Süle

Düzümindäki ýokary myşsa süýümleri bilen peýdaly iýmitlerden biri bolan süläni süýde goşup, üstüne düzüminde E witamini ýokary bolan badamy we 1 porsiýa banany goşup, blenderden geçiriň we çagalaryňyza ertirlik naharynda beriň.

Brokoli

Düzüminde J, A we E witaminleri ýokary mukdarda bolan brokoli, sözüň doly manysynda antioksident ammary. Çarbalara goşmak maslahat berilýär.

Merjimek

ýz we gyş aýlarynda naharynyýa-da çorbasyny hepdede bir gezek sarp etmek iňňän peýdalydyr. Düzümindäki tebigy belok sebäpli çagalaryň fiziki taýdan hem güýçlenmegini üpjün edýär.

Ýumurtga

Ýumurtga, ene süýdünden soň bedene zerur bolan iň gowy belog çeşmesidir. Şol bir wagtda-da düzüminde ýokary mukdarda bar bolan demir, A, D, E we B12 witaminleri adam üçin peýdalydyr. Gatnadylan, gowrulan ýa-da başga görnüşlerde bişirilen ýumurtgany çagalara iýdirmeklik maslahat berilýär.

Ir-iýmişler

Ir-iýmişler, immunitet ulgamynyň güýçlendirilmegi üçin peýdaly bolan E witamini, sink we omega 3 ýag aşgarlary taýdan baý azyklardyr. Çagalaryňyza çig funk, hoz, badam we kädi çigidini iýdirmek maslahat berilýär.

Kadaly uky

Kadaly uky, durnuklywe sagdyn iýmitlenmek, elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak we synplaryň belli aralyklarda howalandyrylmagy çagalaryň immunitet ulgamynyň güýçlendirilmegi üçin esasy zatlardyr.

Ary süýdi we bal

Aryýdüniň 3 ýaşdan uly çagalara her gün ertirlik naharyndan öň 1 çaý çemçesi mukdarynda bala goşulyp berilmegi immunitet ulgamynyň güýçlenmegi taýdan iňňän peýdalydyr. Üç ýyna ýetmedik, allergiýasy bolan çagalar üçin hökmany suratda lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

Käkilik oty

Käkilik otunyň her gün çaý görnüşinde içilmegi immunitet ulgamynyýçlendirýär we bronhit ýaly biynjalyklyklary aýyrar. Ýagny käkilik oty sözüň doly manysynda üsgülewik sirobywe gripp aýyryjydyr.



Degişli Habarlar