Şanlyurfa Çyg-köftesi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1886933
Şanlyurfa Çyg-köftesi

Türkiýäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän we Pygamberleriň şäheri hökmünde bilinýän Şanlyurfa, şol bir wagtda  Çyg-köftesi bilen hem giňden tanalýar.

Şanlyurfa Çyg-köftesi Şanlyurfanyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmasy netijesinde 2006-njy ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Şanlyurfa Çyg-köftesi gaplanan ýörite mis legende dolulygyna el bilen ýugurulyp taýarlanýan bir tagamdyr. Mis legende ilki bilen guradylan izot burjy, kiçijek dogralan sogan, duz, guradylan darçyn (korisa), gara burç we guradylan gwozdika gunçasy garyşdyrylyp, ýugurulýar.

Ondan soň şol garynda kiçijek dogralan ýagsyz goýun eti we ýarym stakan suw goşulýar.

Beýleki tarapdan bolsa inçe bulgur az-azdan legeniň içindäki garynda goşulýar.

Takmynan 15 minut dowam edýän ýugurmak işlerinden soň, az mukdarda suw we tomat goýutmasy goşulýar.

Garyndynyň çyglygynyň geçendigi dadyp barlananyndan we doly ýagdaýda göz ýetirileninden soň, sowuk suw ýa-da buz bilen ýumuşatmak işleri geçirilýär.

Ondan soň bolsa inçe dogralan sogan we petruşka goşulan garyndy ýene-de birnäçe wagt ýugurulýar we ondan soň kiçi böleklere bölünip, latuk bilen birlikde tabaklara goýulyp hödür-kerem edilýär.

Şanlyurfa Çyg-köftesiniň ýany bilen goýunyň ýogurdyndan ýasalan sowuk aýran hödür edilip biliner.



Degişli Habarlar