Insulin çydamlylygynyň tebigy bejergi usullary

Saglygym Baýlygym

1885795
Insulin çydamlylygynyň tebigy bejergi usullary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda size Insulin çydamlylygynyň tebigy bejergi usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Alma sirkesi

Alma sirkesi, iýenden soň insuliniň we ganyň düzümindäki süýjüniň artmagynyň öňüni alar. Alma sirkesi, ulewodly azyklar sarp edilenden soň ýokary insulin çäginiň öňüni almak üçin peýdalydyr. Sirke insuliniň netijeliligini artdyryp, insuliniň täsir etmegi üçin wagt döredýär we aşgazandan azyk zyňylymyny gaýra süýşürip, insuliniň hereket geçmegini artdyryjy özbolşylyga eýedir.

Ak kelem

7 sany ak kelem ýapragyny gaýnadyň we sowaýança garaşyň. Sowan kelemleri süzüp, suwyny aýyryň. Kelem ýapraklarynyň suwuny nahardan öň ýa-da soň ýyladyp 1 käse içmek maslahat berilýär. Peýdaly bolmagy üçin ýyly içiň. Bu emden 15 günüň dowamyndan içmek netijeli bolar.

 

Ýasemin güli

Günüň dowamynda bir çaşka ýasemin çaýyny içmek, aç garna süýji mukdaryny kadalaşdyrmak üçin peýdalydyr. Ertirlik naharyndan 30 minut soň içmek has peýdaly bolar. İnsulin çydamlylygynyň bejergisi üçin ýasemin çaýyny yzgiderli içmek maslahat berilýär.

 

Balzam

Her gün ertirlik çaýyňyz demlenýänçä balzam çaýyny içmek maslahat berilýär. Balzam çaýy insulin çydamlylygynyň wagtyň geçmegi bilen aýrylmagy taýdan peýdalydyr.

Gara tmin

Süýji keseliniň bejergisinde gara tminiň, pankreatidiň täzelenmegini üpjün edip, süýji keseliniň öňüni alyjy täsiriniň bardygy ýüze çykaryldy.

Dalçyn

Dalçyn saglyk taýdan peýdaly süýji ösümliklerden biridir. Sagdyn adamlarda we insulin çydamlylygy bolanlarda geçirilen barlaglar, dalçyn sarp etmegiň insuliniň güýçlenmegini ýokarlandyryp, onuň derejesini aşakladýandygyny görkezýär. Dalçyn öýüjüklere glýukozanyň ýetirilişini artdyryp, insuliniň hereketliligini güýçlendirýär we gan aýlanyşyndan alynýan süýjüniň mukdaryny artdyrmak üçin insuline öýkünme özboluşlylygy bar.

Günde bir çaý çemçesi dalçyn, insuliniň derejesini aşaklandyrar.

Gök çaý

Gök çaý, iňňän peýdalydyr we düzüminde ýokary mukdarda antioksident bardyr. Geçirilen barlaglar, insulin çydamlylygyna hem peýdaly boljakdygyny görkezýär.

Gök çaý, kadaly insulin derejesiniň dowam etmegi we süýji keselliler üçin iňňän peýdalydyr.

Zeýtunyň ýapragy

Insuliniň zyňylymyny we onuň yzyna alynmagyny artdyrýar.

Ulanylyşy: 15 sany zeýtun ýapragyny 250 millilitr gaýnan suwda 15 minut demlenip, günüň dowamynda içilmeli.

 

Çitçiti

Ganyň düzümindäki süýjüniň siňdirilişini azaldýar. Aýratynam pankratidiň insulin zyňylymyny artyrýar.

Ter çitçitini zeýtun ýagy bilen pişirip iýmek maslahat berilýär. Guradyp, çaý görnüşinde içip bilersiňiz. 1 käse suwa bir datly çemçesi çitçiti goşup, 10 minut demlemeli.

Sumah

Ganyň düzüminde bar bolan insuliniň mukdaryny kadalaşdyrýar. Şol özboluşlygy saýasynda insuline garşy çydamlylygy we süýji keseli bolanlaryň sarp etmegi maslahat berilýär.

 

Zerdeçal

Zerdeçal kurkumin atly aktiw düzümi bilen güýçli öňüni alyjy hem-de antioksident özboluşlygyna eýedir. Gandaky erkin ýag aşgarlaryny we süýjüni azaldyp, glýukozany kadalaşdyrýar.

 

Zenjebi

Zenjebil, işjeň düzümi arkaly myşsanyň öýjüklerindäki süýji reseptorlaryny hereket geçirýändigi sebäpli insuline çydamlylygy bolanlar üçin maslahat berilýär.

Sarymsak

Ganyň düzümindäki süýjüni azaldyryjy özbolyşlyga eýedir.


Etiketkalar: #sirke , #kelem , #sarymsak , #insulin

Degişli Habarlar