Galata Minarasy

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1883739
Galata Minarasy

Stambulda ýerleşýän Galata minarasynyň dünýäniň iň gadymy minaralaryndan biridigini bilýäňizmi?

ÝUNESKO-nyň Dünýä Mirasynyň wagtlaýyn sanawynda durýan we dünýäniň iň gadymy minaralaryndan biri bolan Galata minarasy, şol bir wagtda-da Stambulyň simwollaryndan biri. Stambulyň Ýewropa böleginde, Beýogly etrabynda, bogaza ýakyn ýerleşýär.

Galata minarasy ilki Wizantiýa imperatory Ýustiniýanos tarapyndan 508-nji ýylda gurlupdyr. Ençeme söweşe şaýatlyk eden we ýitgi çeken mibara 1349-nji ýylda Genuezler tarapyndan gaýtadan dikeldilýär. 1500-nji ýyllarda ýer titremesinden zykýan çekendigi üçin abatlanan minbaranyň ýokarky gatyn Selim 3-nji döwürnde bir erker goşulýar. 1831-nji ýylda minarada ýangyn bolýar we ýene-de bir gezek abatlanýar. Mahmut 2-nji minarany 2 gat beýgeldýär we minaranyň depesi çüri biçüwli örtgi bilen ýapylýar. 1967-nji ýylda abatlanan minara, soňky gezel 2020-nji ýylda gaýtadan abatlanýar.

Asyrlardan bäri Stambuly bezeýän Gala minarasy, maýak hökmünde gurlan hem bolsa, taryh boýy zyndan, abserwatoriýa, ýangyn minarasy ýaly dürli maksatlar üçin peýdalanylypdyr. Jemi 11 gatdan ybarat bolan minaranyň beýikligi 69 metr, göwrümi bolsa 208 inedördül metre barabar.

Stambulda gezilmäge mynasyp ýerlerden biri bolan Galata minarasy häzirki wagtda muzeý hökmünde açyldy we hem ýerli hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň üns merkezine öwrüldi.



Degişli Habarlar