Tire Bazary

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1875085
Tire Bazary

 

Türkiýäniň iň uly açyk bazarynyň Izmiriň Tire etrabynda ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Izmiriň Tire etrabynda 600 ýyldan bäri açylýan Türkiýäniň iň uly açyk bazary diňe Türkiýede däl, eýsem dünýä meşhur. Tire bazary käbir çeşmeleriň ýazmagyna görä, dünýäde ululyk we köpgörnüşlilik taýdan Gyrgyzstandan soň ikinji ýerde durýar. Tiräniň halky golaýdaky obalardan, etrapçalardan we şäherlerden gelýänleri, restoran we myhmanhana eýelerini däl, dünýäniň çar tarapyndan gelýän syýahatçylary hem bazarda kabul edýär.

Tire bazary her sişenbe ertiriň irki sagatlarynda häkimligiň ses güýçlendirijisinden okalýan “bazar dogasy” bilen açylýar we tekjelerini düzen obalylar bolluk we bereket üçin şükür edip, gazanç üçin bilelikde doga okaýarlar. Tireden we golaýdaky obalardan ýerli öndürijileriň açýan öwüşgünli bazarda, sebitde ösýän käbir otlar, bakja önümleri, miweler, ýerli peýnirler, gatyk, mesge, zeýtunlar we zeýtun ýaglary, sabynlar bilen müşki anbaryň içinde gezýän ýaly duýýarsyňyz. Diňe bir azyk däl, egin-eşikden öý we hojalyk goşlaryna, monjuk we el hünäri önümleri, aýakgapdan bezeglere çenli islendik harydyňyzy tapmak mümkin.

Etrabyň merkezinde ýerleşýän köçelerinde açylýan we her sişenbe etrabyň dörtden üç bölegini eýeleýän bazar, Tirä köp sanly ýerli we daşary ýurtly syýahatçy çekýär. Tire bazarynyň Türkiýäniň iň gadymy we uly bazarlaryndan biri bolmagynyň taryhy hem-de medeni sebäpleri hem bar. Kiçi Menderes düzlüginiň bereketli topraklaryna ýakyn ýerleşişi we ajaýyp tebigaty saýasynda b.e.ozalky 2000-nji ýyllardan bäri ençeme swilizasiýa ýer eýeçiligini eden, baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan şäher. Türkiýäniň 5 sany uly şäherinden soň Tire taryhy eser taýdan iň baý etrapçadyr.


Etiketkalar: #taryhy , #bazar , #Tire bazary

Degişli Habarlar