Orta Aziýa Ýurtlarynyň Liderleriniň 4-nji Konsultatiw Duşuşygy

Ýewraziýa Syn

1861456
Orta Aziýa Ýurtlarynyň Liderleriniň 4-nji Konsultatiw Duşuşygy

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gyrgyzstanda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň 4-nji konsultatiw duşuşygy hakynda durup geçmek isleýäris.

2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyzstanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň 4-nji Konsultatiw maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowuň ýer eýeçiliginde geçirilen maslahatda sebitleýin hyzmatdaşlyk, Owganystandaky ýagdaý, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy. Gyrgyzstanyň Prezidenti maslahatda sözlän sözünde sebitleýin bitewileşme boýunça edilýän başlangyçlary goldaýandyklaryny beýan etdi.

Yssyk-Göl kölüniň kenarynda geçirilen maslahatda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew sebitleýin teleýaýlymynyň açylmagy, sosial mediany sebitleýin bitewileşme üçin netijeli ulanmak boýunça teklip bilen çykyş etdi. Umumy garaýyş, umumy düşünje, umumy syýasatlaryň iş ýüzüne geçirilmegi taýdan Prezident Tokaýewiň teklipleri iňňän ýerlikli. Gazagystanyň Preizdenti Çolpon-Atada meşhur gazak intelligenti Muhtar Öwezowyň heýkelinin açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sebitleýin bitewileşme taýdan häzirki wagta çenli edilen işler hakynda maglumat berdi we sebitleýin forumlar, sebitleýin medeniýet, sungat günleriniň we beýleki çäreleri bäş ýurduň bilelikde guramagynyň möhümdigini nygtady. Prezident Mirziýoýew ykdysady jebislik üçin ýurtlaryň serhet zolaklarynda erkin söwda zolaklarynyň sanynyň köpeldilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Duşuşykdan çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bolsa ulaglar pudagy boýunça bilelikde işleşmek üçin çagyryş etdi. Gündogar-günbatar, günorta-demirgazyk geçelgesinde Orta Aziýa döwletleriniň ähmiýeti günsaýyn artýar. Sebitiň bäş döwleti möhüm üstaşyr geçiş sebiti bolmak taýdan uly potensiala eýe.

Liderler duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki jarnama gol goýdular. Gyrgyzstanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň liderleri 21-nji asyrda Orta Aziýanyň Galkynmagy üçin Dostlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekişdiler. Türkmenistan bilen Täjigistanyň prezidentleriniň ýurtlaryndaky içerki proseduralaryň ýerine ýetirilmeginden soň memoranduma gol goýjakdyklary beýan edildi. Liderler şol sanda duşuşykda Ýaşyl gün tertibi atly sebitleýin maksatnamany 2022-2024-nji ýyllaryň aralygyndaky döwürde sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky meýilnamany kabul etdiler.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň sebitleýin jebisligiň depginini ýokarlandyrjak ylalaşygy yza süýşürmekleri, adybir ýurtlarda jemgyýet, içeri syýasat tapgyrlarynyň goňşularyndan tapawutlanýandygyny alamatlandyrýar. Ol sebitleýin jebisligiň depginini gowşadar.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň 4-nji konsultatiw duşuşygynda sebitiň ykdysadyýeti boýunça hem pikir alyşyldy. Russiýa goýulan sanksiýalar sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýär. Günbatar we Russiýa bilen gatnaşyklarda deňagramlylygy göz öňünde tutmaga we Russiýa-günbatar dawasyndan ykdysady taýdan zyýan çekmezlik üçin tagalla edýär. Aýratynam sebit ýurtlary taýdan bu çökgünligi pursada öwürme mümkinçiligi hem bar.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Azerbaýjanyň birnäçe wagtdan bäri konsultatiw duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmak isleýändigini beýan etdi. Bu waka Türküstan-Kawkaz sebitleýin hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi taýdan iňňän möhüm.

Jemläp aýdanymyzda Çolpon-Atadaky maslahatda Merkezi Aziýada sebitletin jebislik taýdan möhüm başlangyçlar edildi. Dünýä syýasatyndaky wakalar Merkezi Aziýa ýurtlaryny hem ýakyn gelejekde bitjewileşme taýdan möhüm kararlary kabul etmage gönükdirse gerek…



Degişli Habarlar